Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda abadançylyk, baky bagtyýarlyk, agzybirlik höküm sürýär. Bir-birinden zyýada gelýän ýyllarymyz, günlerimiz bagtyýarlyga, şatlykly wakalara beslenýär. Eziz Watanymyzy gülledip ösdürmek, ösüşiň täze belentliklerine ýetirmek babatdaky asylly işler ýurdumyzyň okgunly ösüşlerinden habar berýär. Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer içeri we daşary syýasaty bu günki günde üstünlikli durmuşa geçirilip, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has hem ýokarlanmagyny üpjün edýär. Toplumlaýyn maksatnamalaryň, oňyn özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde döwletimiziň ykdysady kuwwaty günsaýyn artýar, ata Watanymyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Milli ykdysadyýetimiz ýokary ösüşe eýe bolup, ähli pudaklar boýunça ösüş gazanylmagy bilen eksportuň mukdary yzygiderli artýar. Bu gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler bolsa bagtyýar raýatlarymyzy, biz ýaşlary täze-täze zähmet ýeňişlerine, belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagynyň, ata Watanymyzyň barha gülläp ösmeginiň bähbidine durmuşa geçirýän başlangyçlar rowaçlyklaryň hem ösüşiň kepilidir. Milli ykdysadyýetimiziň toplumlarynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Ähli ugurlarda öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagy arkaly ösüş depgin barha artýar. Hormatly Prezidentimiz pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmak işine uly üns bermek bilen, bu ugurda kämil hünärmenleri taýýarlamak boýunça halkara tejribesinden ugur alyp, okatmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmagy we beýleki zerur işleri möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitleýär. Berkarar döwletimiziň täze taryhy eýýamynda eziz Watanymyzyň okgunly ösüşinde ylymly-bilimli, kämil hünärli ýaşlara aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzda ilhalar, watansöýüji, bilimli nesilleri ýetişdirmeklige, bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmäge döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde uly ähmiýet berilýär. Okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň, gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär, sanly bilim ulgamy ösdürilýär, okatmagyň netijeliligi ýokarlandyrylýar. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň nurana geljegi bolan ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe berilýär. Şunuň bilen baglylykda, möhüm wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine gurluşyk-senagat, söwda, ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, bilim, sport, medeniýet ulgamynda, ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň mysallarynda hem göz ýetirmek bolýar. Uly üstünliklere beslenýän döwlet ähmiýetli şeýle asylly işler Arkadagly Serdarymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýar. Goý, şeýle beýik işleri bilen ýurdumyzy gülledýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, mertebesi belent bolsun!
Nartäç ÝOLDAŞOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň 2-nji ýyl talyby.