Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýürek-damar keselleri bilen kesellän näsaglarda ýüze çykýan ruhy bozulmalar ✦ ✦ Ukynyň adam saglygyna täsiri ✦ ✦ Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi - saglyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrlmagy ✦ ✦ 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edildi ✦ ✦ Ruhy saglyk we onuň adama täsiri ✦ ✦ «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabynyň Ýapon dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Bilim - Berkarar geljegiň binýady ✦ ✦ Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteri - täze eýýamyň saglyk we ykdysady ösüş binýady ✦ ✦ Seýsmik howplar meselesi barada maslahat geçirildi ✦ ✦ Okuw-usuly maslahat: täze usullar bilime ornaşýar ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Şan-şöhraty dünýä dolan Alabaý
  30.10.2024
176
Şan-şöhraty dünýä dolan Alabaý

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, maksada okgunly we kämil şahsyýetler bolup kemala gelmekleri babatynda ýurdumyzda oňyn işler durmuşa geçirilýär. Döwrebap bilim ojagy bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda türkmen ýaşlaryna şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlary boýunça  bilim berilýär. Bu ajaýyp ýokary okuw mekdebinde döredilen şertler we mümkinçilikler ýaşlaryň saýlap alan hünärleri boýunça bilim we ylym derejesiniň kämilleşmegine badalga berýär. Sungat ojagynda ýola goýlan halypa-şägirtlik ýörelgesiniň ýokary derejede alnyp barylmagy netijesindeýaşlarymyzyň döredijilik üstünlikleriniň guwandyryjy wakalaryna besleýär. Bu bolsa bilim, terbiýe berýän mugallymlara tutanýerli zähmet çekmäge badalga berýär.

 

Ýurdumyzda dabaraly geçirilýän döwlet bäsleşiklerinde şekillendiriş sungatynyň ýaş zehinleri ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlyklaryna bagyşlap, ajaýyp sungat eserlerini döredýärler. Köňül söýen käri boýunça özleriniň buýsanç duýgusyny wasp edýärler.

 

Eziz Diýarymyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenilip geçilýär. Bu ýyl hem türkmen alabaýynyň baýramy ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dabaraly ýaýbaňlandyryldy. Dabaranyň çäklerinde halkara ylmy maslahatlary, sergileri, alabaýlaryň gözellik bäsleşikleri we beýleki çäreler yzygiderli geçirildi. Türkmen alabaýlaryň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, foto suratlarda we teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasyndaky döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri hem yglan edildi.

 

Bu döredijilik bäsleşiginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýaş mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň  gazanan üstünlikleri ynsan durmuşynda ýatdan çykmajak taryhy senedir. Türkmen alabaýynyň daşky keşbi şekillendirilen “Türkmen alabaýy” atly nakgaş eseri üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Nakgaşçylyk” kafedrasynyň mugallymy Bakygeldi Sytdyhow, “Goragçy” atly heýkel eseri üçin “Heýkeltaraşlyk” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Güljan Şöhratgeldiýewa, “Senenama 2024” atly kalendar işi üçin “Dizaýn” kafedrasynyň mugallymy Ata Mohammed Ahmed hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şa serpaýyna mynasyp boldular.

 

Ýaş mugallym Bakygeldi Sytdyhowyň “Türkmen alabaýy” atly nakgaş eserinde Garagum sährasynda türkmen alabaýynyň alyslara nazarlaýan şekili bilen hatar gurap barýan düýeleriň keşbiniň sazlaşygy  öz beýanyny tapýar. Ýiti zehinli “Dizaýn” kafedrasynyň mugallymy Ata Mohammed Ahmediň  “Senenama 2024” atly kalendar işinde şan-şöhraty dünýä dolan milli mirasymyz, buýsanjymyz we tükeniksiz baýlygymyz bolan türkmen alabaýy dünýäde iň meşhur tohum itleriniň biri hökmünde öňe çykýar. Zehinli talyp Güljan Şöhratgeldiýewanyň “Goragçy” atly heýkel eserinde alabaýyň çäksiz wepalylygy, edermenlikde özboluşlylygy bilen tapawutlanýan maksada okgunlylygy, garadan gaýtmazlygy, duýgurlygy ýaly häsiýetleri watan goragçylarynyň kömekçisi keşbinde çeper beýan edilýär.

 

Çuňňur mazmunly çeper beýan edilen eýesine çäksiz wepaly, uly göwresine seretmezden mähirliligi we ýumşaklygy bilen özüni aldyran türkmen alabaýlary her ojagyň hüşgär goragçysydyr. 

Gotdaýewa Arzygül,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik  akademiýasynyň mugallymy