logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Sports /Sambo boýunça dünýä çempionatyndan hoş habarlar gelip gowuşýar
  12.11.2022
905
Sambo boýunça dünýä çempionatyndan hoş habarlar gelip gowuşýar

Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde dowam edýän Sambo boýunça dünýä çempionatyna gatnaşýan türgenlerimizden hoş habarlar gelip gowuşdy.

Geçirilen tutluşyklarda 64 kilogram agramda çykyş eden Muhammet Kössekow altyn medala mynasyp bolmagy başardy. Munuň özi milli ýygyndymyzyň ýaryşda gazanan ilkinji medaly boldy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň esgeri ýaryşyň dowamynda Bolgariýadan, Gazagystandan hem-de Azerbaýjandan gelen türgenlerden üstün çykmagy başardy.

Ýeri gelende bellesek, Muhammet Kössekow iýun aýynda Juniýa şäherinde (Liwan Respublikasy) geçirilen sambo we söweş sambosy boýunça Aziýa çempionatynda hem şowly çykyş edip, bürünç medala mynasyp bolupdy.

Sambo boýunça dünýä çempionaty 14-nji noýabrda tamamlanar. Ýaryşa ýurdumyzdan 21 türgen gatnaşýar. Biz hem çempionatdaky nobatdaky çykyşlarynda ildeşlerimize üstünlik arzuw edýäris.