Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanan halkara forum dünýä metbugatynyň ünsüni özüne çekdi ✦ ✦ Sanly ulgamyň öňegidişlikleri ✦ ✦ 2025-nji ýylda Zagrebde göreş boýunça dünýä çempionaty geçiriler ✦ ✦ Kitap halklary ruhy taýdan birleşdirýän köpri ✦ ✦ Magtymgulynyň eserleri dostlukly yurtlaryň edebiýatynda ✦ ✦ Türkmen edebiýatynyň akyldary ✦ ✦ Sungat ojagymyzda - Türkmen Alabaýy ✦ ✦ Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň ählumumy görkezijisine girdi ✦ ✦ Türkmen wekilleri Gazagystana iş saparyna çagyrylýar ✦ ✦ Türkmen alymlary «Suwaryş we suw hojalygy – azyk we ekologik howpsuzlygyň esasy» atly maslahata gatnaşdylar ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Salwador Bitcoin city gurmagy meýilleşdirýär
  22.05.2024
204
Salwador Bitcoin city gurmagy meýilleşdirýär

Ilki bilen Bitcoiniň nämedigi barada durup geçeliň!

 

Bitcoin - merkezleşdirilmedik ulgamdaky ulanyjylaryň arasyndaky amallary goldamak üçin blockchain tehnologiýasyny ulanýan sanly walýutanyň bir görnüşidir.

 

Salwador döwleti bitcoiny töleg serişdesi hökmünde kabul eden ilkinji döwletdir. Bu döwlet wulkanlardan alýan alternatiw energiýasyny kriptowalýuta gazanmak üçin ulanýar. Hasaplamalara görä soňky 3 ýylda ýurt 474 bitcoin gazandy, bu bolsa takmynan 32 million dollara barabardyr diýip Interesting Engineering belleýär.

 

Häzirki wagtda berilýän maglumatlara görä Salwador ýaşaýjylaryň kriptowalýuta gazanjak şäheri bolan Bitcoin city gurmagy meýilleşdirýär.

 

2021-nji ýylda Salwador hökümeti bitcoini kanunlaşdyrmak baradaky kararyna dürli-dürli garaýyşlaryň bardygyna jogap edip hökümet geotermal energiýa ulanyp başlady. Ýagny, HPG ýurduň ykdysadyýetine bolup biljek töwekgelçilikler barada alada bildirdi we daşky gurşawy goraýjylar, bitkoini gazanmak we amallary goldamak parnik gazlarynyň ep-esli zyňylmagyna sebäp bolýan energiýa islegiň aşa artjakdygyny bellediler.


Toýlymyrat Garryýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.