Dünýäniň iň gurak bolan Sahara çölünde iň güýçli çabgaly ýagyş ýagdy. Marrokanyň häkimýetiniň bellemegine görä bu tebigy hadysa ýurduň birnäçe sebitinde iň köp zyýan çeken Tata şäherinde iki günüň içinde ýyllyk ortaça ygalyň mukdaryndan has köp ýagşyň ýagandygy çaklanylýar (ýyllyk ortaça 250 millimetrden az).
Marokkanyň paýtagty Rabatdan 450 km günortada ýerleşýän Tagunite oba ýaşaýyş toplumynda bir günde 100 millimetrden gowrak ýagyş ýagdy. Marokkanyň Merkezi meteorologiýa gullugynyň işgäri Huseýn Ýuabebiň AP habarlar gullugyna aýtmagyna görä, soňky 30-50 ýyl bäri şeýle gysga wagtyň içinde köp ýagyş ýagmandyr.
Agentligiň söhbetdeşi geçen ekstratropiki siklon sebäpli sebitdäki howanyň geljek aýlarda ýa ýyllarda üýtgäp biljekdigini, howadaky çyglylygyň köp bolmagy sebäpli bugarmagyň köpeljekdigini we täze ýagyşlara sebäp bolup biljekdigini aýtdy.
Sentýabryň başynda ýagan ýagyş Marokkoda we Alžirde 20-den gowrak adamyň heläk bolmagyna getirdi. 2024-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda ýagan güýçli ýagyş sebäpli Merzuga obasynyň golaýynda bir köl emele geldi. Merzuga obasy meşhur attraksion Erg-Şebbi çäge üýşmeginiň gapdalynda ýerleşýär.
Dawut Döwletgeldiýew,
Türkmen oba hojalyk instituty
TKA-nyň talyp hakynyň eýesi
3-nji ýyl talyby