Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly Pyragy: dünýä edebiýatynyň akyldary ✦ ✦ Statistika ulgamyndaky täze sepgitler ✦ ✦ Babadaýhan etrabynda ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi ✦ ✦ “Iň eýjejik gyzjagaz – 2025” atly bäsleşik yglan edildi! ✦ ✦ Sanly ulgam we ýaşlar ✦ ✦ “Talyp Gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşigi yglan edildi! ✦ ✦ Döwlet gümrük gullugynda Gözegçilik-seljeriş merkezi işe girizildi ✦ ✦ Süýjüli diabet keseliniň patogenezi ✦ ✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Sahara çöli birwagtlar çygly mesgen bolupdyr
  14.05.2024
361
Sahara çöli birwagtlar çygly mesgen bolupdyr

 

Ýer ýüzüniň klimaty we relýefi bir durkunda durmaýar köp ýyllaryň geçmegi bilen belli bir ýerdäki çygly klimat gurak ýa-da häzirki çöl ýerlerde gadym döwürlerde ekerançylygyň bolandygyny käbir maglumatlar subut edýär.

 

Ýaňy ýakynda hem Afrikada ýerleşýän sahara çölüniň gurak sebitleriniň birinde mallaryň şekili çekilen seýrek gaýa şekilleri tapyldy. Bu barlagdan soň bu ýerde birmahallar dürli görnüşli haýwanlaryň ýaşan otluk ýerleriniň bolandygyny aňladýar. Sahara çölüniň gündogar böleginde barlag geçiren arheologlar 4 000 ýyl bolan 16 sany gaýa çekilen ýerleri açdylar.

 

Bu ýerdäki täsir galdyryjy zatlaryň biri gaýalardaky şekillerde iri şahly mallara çalym edýän haýwanlaryň şekillendirilmegidir. Tapylan arheologiki netijelere görä Sahara çöli bir wagtlar suwarymly ekerançylygy bolan mesgen hasaplanýar. Sebäbi bolupdyr.B.e. öňki, takmynan, 3000-nji ýyllarda howa üýtgäp, köller we derýalar gurap başlapdyr we sebit çäge bilen örtülipdir. Sebitiň aglaba ilaty Nil derýasyna golaý süýşmäge mejbur bolupdyr, galan ilat bolsa mal bakmakdan goýun we geçi bakmaklyga geçipdirler.

Didar Saparbaýew,
Türkmen oba hojalyk
institutynyň talyby.