Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Saglyk /Saglyk ynsan ýaşaýşynyň gözbaşy
  06.07.2024
295
Saglyk ynsan ýaşaýşynyň gözbaşy

Saglyk ynsanyň iň uly baýlygydyr. Bu babatda il arasynda «Saglyk — baş baýlyk» diýen aýtgy bar. Juda jaýdar aýdylan bu jümle ähli döwürlerde-de öz gymmatyny ýitirmän gelýär. Eziz Diýarymyzda adam we onuň saglygy baş gymmatlyk hökmünde ähli zatdan ileri tutulýar. Lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlary, iň ösen tehnologiýalar ornaşdyrylan saglygy goraýyş desgalary bu günki gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hereket edýär. Olarda ynsan saglygyny goramak, bejermek üçin ähli amatlyklar döredilendir. Şeýle hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän şypahanalar, sport toplumlary, gojaman Hazaryň kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sagaldyş we dynç alyş merkezleri halkymyzyň sagdyn, bagtyýar durmuşyny üpjün etmeklige gönükdirilendir.

 

Saglygy goraýyş ulgamy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze derejelere çykdy. Garaşsyz Diýarymyzda ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleriniň jemgyýetde berkarar bolmagyny gazanmak maksady bilen giň göwrümli çäreler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda bu ulgamy ösdürmäge gönükdirilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy işjeň hereket edýär.

 

Ajaýyp zamanamyzda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport adamlaryň gündelik durmuş ýörelgelerine öwrüldi. Ýaramaz endiklere garşy göreşmek, sagdyn durmuşy wagyz etmek boýunça dürli çäreler geçirilip, olarda ýaşyna, kärine garamazdan, ähli raýatlar işjeňlik görkezýärler. Ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli ösüp, kemala gelmegine aýratyn uly üns berilýär hem-de munuň üçin ähli şertler döredilýär. Munuň şeýledigine Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi hem şaýatlyk edýär. Bu merkez mümkinçilikleri çäkli bolan çagalaryň saglygyny dikeldiş işlerini utgaşykly alyp barmak bilen, olaryň adaty durmuşa goşulmaklaryny üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri bolsa ýurdumyzda nurana geljegimiz bolan çagalar baradaky aladanyň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýandygyny subut edýär.

 

Ata Watanymyzyň saglygy goraýyş ulgamynda bu günki ýetilen belent sepgitler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Saglygy goraýyş ulgamyndaky oňyn özgertmeleriň netijesinde biziň — lukmanlaryň amatly şertlerde zähmet çekmegimiz, ilata ýokary derejede hyzmat etmegimiz üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigini buýsanç bilen aýdasymyz gelýär. Halkymyzyň bagtyýar, sagdyn durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz egsilmezdir.

 

Göwherbibi NURMYRADOWA,
Myrat Garryý
ew adyndaky Türkmenistanyň
D
öwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Terapewtik stomatologi
ýa kafedrasynyň kliniki ordinatory.