Güneşli diýarymyzyň saýasynda adam saglygyny gorap saklamak barada aladalar gün-günden ýokarlandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň Döwlet başyna geçen ilkinji gününden başlap “Meniň bar aladam halkym bolar” diýen sözlerini nazara tutmak bilen halkymyzyň sagdyn bedenli ýaşamaklary üçin uly aladalar edilýär. Ösüp gelýän ýaş ylymly, bilimli, sowatly, sagdyn bedenli, sagdyn ruhly giň dünýä garaýyşly watansöýiji ýaşlary kemala getirmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň daşky gurşawany ekologiýa taýdan arassa saklamak babatda Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň yglan eden daşky gurşawymyzy tokaý zolagyna, bagy-bossanlygy öwürmek hakynda 2030-njy ýyla çenli döwür milli maksatnama kabul edilendigini bellemek gerek. Häzirki wagtda Bütindünýä saglygy goraýyş guramalary tarapyndan ýüze çykarylan ýiti respirator ýokanjy ýa-da ýiti öýken sowuklamasy wirus keseline garşy göreş işleri doly ýagdaýda işjeň alnyp barylýar.Ýurdumyzda ýiti öýken sowuklama keseliniň garşysyna urulýan waksina sanjymlary hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Aýtmaklaryna görä esasanam hem bu kesel ýaş aýratynlyklary boýunça çagalarda hem-de uly ýaşly göze görünmeýän mikroargonizimlerden, bakterýalardan goranmak şahsy gigiýenanyň talaplaryny berjaý etmek her bir ynsanyň özüne gönüden-göni bagly bolup durýar. Saglyk nokatlarynyň lukmanlarynyň berýän maglumatlaryna görä bu ýiti respirator ýokanjy hem-de ýiti öýken sowuklamasy dem alyş ýollarynyň şeýle-de agyz boşlugy arkaly ýokuşubiljiligik ukyby has hem güýçlidigi anyklanyldy.
Ýurdumyzyň saglyk nokatlarynyň lukmanlarynyň berýän maslahatlaryna görä bu dem alyş ýollary hem-de agyz boşlugy arkaly ýaýraýan ýiti öýken sowuklamasynda şeýle-de ýiti respirator ýokanjyndan goranmak şahsy gigiýenanyň arassaçylyk talaplaryny berjaý etmek maslahat berilýär.
Pajarlap ösýän eziz watanymyzda adam saglygyny gorap saklamak barada aladalar gün-günden ýokarlandyrylýar. Häzirki wagta Ýurdumyzda birnäçe hassahanalar we şypahanalar açylyp ulanylmaga berilýär. Olaryň biri hem täze açylyp ulanylmaga berilen “Bagabat” şypahanasydyr. Mundan başga-da Ýurdumyzda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda açylyp ulanylmaga berilen Ýokanç keseller hassahanasy mysal bolup biler.
Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly kitabynda uly orun alan üzärligi güniň dowamynda 1-2 gezek tüsseledip otaglaryň içindäki göze görünmeýän mikroplardan arassalap durmaklyk şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň “Çaý melhem hem ylham” atly kitabyndan adam saglygyna şypa beriji çaýlaryň birnäçesini mysal getirmek bolar. Olardan çopantelpegi, mekgegulpagy, narpyzy muňa mysal getirmek bolar. Her ýylymyzdadäp bolşy ýaly aprel aýymyzy Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen “Il saglygy ýurt baýlygy” ady bilen geçirilýän bir aýlyk saglyk aýy diýip ýurdumyzyň ähli ýerlerinde uly ruhubelentlik bilen bellenip geçilýär. Saglyk ýaşaýyşyň girewidir. Her biriňiziň saglyk ýaranyňyz bolsun!