Bilşimiz ýaly, her ýylyň 7-nji aprelinde Ýerýüzünde Bütindünýä saglyk güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Eýsem, bu baýram haçan bellenilip başlanypdyr? Ilkinji gezek Bütindünýä saglyk güni 1948-nji ýylyň 22-nji iýulynda bellenildi. Şol gün Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Düzgünnamasynyň kabul edilen günüdir. 1950-nji ýyldan bäri Bütindünýä saglyk güni her ýylyň 7-nji aprelinde bellenilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy adam saglygy hakynda edilýän alada bilen baglanyşykly geljegi nazarlaýan toplumlaýyn işleri özünde jemleýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda «Adam jemgyýetiň we döwletiň esasy gymmatlygydyr» diýen ajaýyp ýörelgeden ugur alynýar we ilatyň saglygyny goramagyň çäklerinde durmuşa ornaşdyrylýan ýörite çäreler jemgyýetimiziň we her bir raýatyň döredijilik mümkinçiliginiň has doly açylmagyna ýardam etmäge we sagdyn durmuş gurşawyny döretmäge, ynsan saglygyny berkitmäge gönükdirilýär. Şu nukdaýnazardan, ýaşlarymyzyň saglygyny goramak, olary bedenterbiýä we köpçülikleýin sporta çekmek işlerine yzygiderli üns berilýändigini bellemelidiris. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlar bilen geçirilýän sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala getirilmegine bagyşlanan işleriň kämilleşdirilmegi ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli işleriň möhüm ugry bolup durýar. Ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgesiniň üpjün edilmegi ýurduň geljekki ösüşlerini kepillendirmekde möhüm görkezijileriniň biri hasaplanýar. Sagdyn raýat islendik jemgyýetde gymmatly baýlykdyr. Ýurdumyzyň bilim, terbiýeçilik we hünär işini guraýan edaralarynda esasy meseleler ýaşlaryň saglygyny goramaklykdan ybarat bolup, oňa durmuş-ykdysady, lukmançylyk we sport çäreleriniň toplumy degişlidir. Ýaşlarymyzyň saglygynyň yzygiderli lukmançylyk gözegçiliginden geçirilmegi, olara keselleriň öňüni almaga degişi sanjymlaryň mugt edilmegi, beden taýdan berkligini üpjün etmek maksady bilen köpçülikleýin sport çäreleriniň geçirilmegi ýaşlarymyzda kanagatlanma duýgusyny döredýär. Ýurdumyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini gazanmak babatynda ýetilen belent sepgitler her bir türkmen raýatyny begendirýär, buýsandyrýar. Ýurdumyzda saglygy goraýyş bilen baglanyşykly çäreleriň gerimi barha giňeýär. Şäherlerimizde we obalarymyzda lukmançylygyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýörelgelerine laýyklykda ösdürilmegi saglygy goraýyş ulgamynda döwlet syýasatynyň milli aýratynlyklarynyň ýüze çykmasydyr. Bu bolsa eziz Watanymyzyň sagdynlygyň hem ruhubelentligiň ýurdudygyny ýene-de bir gezek ykrar edýär. Döwletimiziň ynsan saglygyny berkitmek, onuň abadan we bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda örän jogapkärli wezipesini hakykat ýüzüne ornaşdyrmagynyň barşynda gazanýan üstünliklerine buýsanyp, sagdyn durmuşyň talaplaryny gündelik ýerine ýetirmek we öz saglygyň üçin raýdaşlyk jogapkärçiligini duýmak raýat hökmünde her birimiziň borjumyza, aýrylmaz endigimize öwrülmelidir.