Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ HGI-de halkara okuw-usuly maslahat geçiriler ✦ ✦ Türkmenistanda halkara olimpiadalar we okuw-usuly maslahatlar geçiriler ✦ ✦ Balkanly dokmaçylaryň zähmet üstünligi ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumy Malaýziýada geçiriler ✦ ✦ Mekdep okuwçylarynyň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça olimpiada geçiriler ✦ ✦ Mekdep okuwçylarynyň arasynda zehin soraglary boýunça olimpiada guraýar ✦ ✦ Ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk ✦ ✦ Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi ✦ ✦ “Ýylyň zenany” bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi ✦ ✦ Türkmen-amerikan bilim hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦
Baş sahypa / Saglyk /Saglyk we sport — röwşen geljegiň berk binýady
  12.11.2024
142
Saglyk we sport — röwşen geljegiň berk binýady

Ýurdumyzda halkyň sagdyn ýaşaýşyny üpjün etmek maksady bilen giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň talaplaryna laýyk saglygy goraýyş we anyklaýyş merkezleri, hassahanalar gurlup, her etrapda hem-de şäherlerde döwrebap Saglyk öýleri bina edildi. Saglyk adamyň ýaşaýşynyň esasy özeni bolup durýar. Adamzat nesli döräp başlansoň, saglyk we sagdyn durmuş ýörelgeleri her zaman üns merkezinde bolupdyr. Şu sebäpli, türkmen halky nesil saglygy baradaky meselä hemişe aýratyn üns berip, bu ugurda örän ygtybarly we kadaly ýörelgeleri döredipdir. Gadymyýetden başlap, öz köklerinden alýan sagdyn durmuş ýörelgelerini kämilleşdirip, biziň günlerimize çenli ýetirip bilýän pederlerimiziň mirasy bu meselede örän möhüm ähmiýete eýe bolup, olaryň durmuşyň ähli taraplaryny saglyk bilen baglylykda ösdürmäge bolan çalyşmalarynyň aýdyň beýanydyr.

 

Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak maksady bilen alnan ädimler, şol sanda alkogola we temmäkä garşy görülýän tagallalar uly üstünliklere eýe boldy. Alkogolly içgiler baradaky kadalaryň berkidilmegi, alkogol önümleriniň mahabatlandyrylmagyny gadagan etmek we onlara salgyt salmak ýaly çäreler, alkogolly içgileriň sarp edilişini ep-esli peseltdi. 2013-nji ýylda Türkmenistanda temmäkä garşy göreş baradaky Kanunyň kabul edilmegi, uly ýaşly ilat arasynda çilimkeşligiň iki esse azalmagyna sebäp boldy. Şeýle hem, 2025-nji ýyla çenli temmäkä tüsse ýaly ýok edilen döwlet bolmak maksady goýuldy.

 

Sport şu günki günde jemgyýetimiziň möhüm bir bölegine öwrüldi. Türkmen türgenleri dünýäniň dürli ýaryşlaryna işjeň gatnaşyp, halkara ýaryşlarda gazanýan medallary, sporty ösdürmek we zehinlileri ýüze çykarmak üçin döredilýän şertleriň we sport ulgamyna görkezilýän ünsüň netijesidir.

 

Gülnara AHMETJANOWA,
Çärjew etrabynyň 48-nji orta mekdebiniň
başlangyç mugallymy.