Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Birleşen Milletler Guramasynda adam hukuklary ✦ ✦ Türkmenistanyň durmuş-zähmet gatnaşyklary çygrynda halkara hyzmatdaşlygy ✦ ✦ Magtymguly — dünýä şahyry ✦ ✦ Beýik siwilizasiýalaryň baglanşygy ✦ ✦ Türkmen futbolçylaryndan 3 baýrakly orun «AFL Kids Cup-2024» halkara ýaryşy ✦ ✦ Azerbaýjanyň «Zangilan» tankeri ilkinji ýüküni Türkmenistana getirdi ✦ ✦ “Türkmengaz” we “ADNOC” gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy gözden geçirdiler ✦ ✦ Parižde Olimpiýa oýunlary badalga alar ✦ ✦ Ýaşlar baradaky alada döwletimiziň ileri tutulýan wezipesidir ✦ ✦ Dalaşgärler üçin orta hünär okuw mekdepleriň sanawy - 2024 ✦
Baş sahypa / Saglyk /Saglyk üçin peýdaly maslahatlar
  09.05.2024
233
Saglyk üçin peýdaly maslahatlar

Saglygy, sagdyn durmuşy üpjün etmek üçin bu ugurdaky berilýän maslahatlary pugta berjaý etseňiz, elmydama ruhubelent hem işjeň bolarsyňyz. Saglygy goraýşyň sagdyn durmuş ýörelgesini yzygiderli alyp baryň, zyýanly endiklerden daşda duruň we bu babatda ösüp gelýän ýaş nesillere we ýetginjeklere görelde boluň, günüň dowamynda kompýuterlerde, smartfonlarda we planşetlerde işläniňizde belli bir wagtda arakesme etmegi unutmaň! Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak has peýdalydyr.

 

Ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen witaminlere baý önümler bilen köpräk iýmitleniň, arassaçylyk düzgünlerini pugta berjaý etmegi unutmaň! Antibiotik derman serişdelerini özbaşdak ulanman, lukmanyň maslahatyna eýerseňiz, saglygyňyza zyýan ýetmez. Keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny öz wagtynda kabul etmegi ýatdan çykarmaň!

 

Lukman Arkadagymyzyň peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýan köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, yzygiderli içmek saglyk üçin bähbitlidir.

 

Ýiti respirator ýokanç keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Gün şöhlesi dogry peýdalanylanda bedende D witamini emele gelýär. Tomsuň jöwzaly günlerinde Günüň ýiti şöhlesiniň aşagynda gorag serişdesiz uzak wagtlap gezmegiň, işlemegiň hatarlydygyny ýatdan çykarmaly däl. Öýde we işde, ýolda iýmitleneniňizde iýmit önümlerine bildirilýän arassaçylyk talaplaryny berjaý etmeli, iýmitleri diňe söwda merkezlerinden ulanyş möhletine ünsli bolup, satyn almaly, iýmitleriň öý şertlerinde hem talabalaýyk saklanmagyny üpjün etmeli.

 

Ýürek-damar, dem alyş ýollarynyň, howply täze döremeleriň, endokrin, nerw, iýmit siňdiriş, böwrek we peşew çykaryş ulgamynyň, görşüň peselmeginiň, gulak, burun, bokurdak, diş we agyz boşlugynyň keselleriniň öňüni almak üçin saglyk barlaglaryndan geçmeli, bu siziň saglygyňyz üçin möhüm şertdir hem-de keselleriň öňüni, bedende näsaglyk dörände bejergini öz wagtynda almaga uly ýardam edýär. Tebigatyň magnit hadysasyna we howanyň üýtgäp durmagyna duýgur adamlaryň, dowamly we ýürek-damar, nerw kesellerden ejir çekýän näsaglaryň howa maglumatlaryna we öz saglygyna ünsli bolmagy maslahat berilýär. Howanyň täsiri bilen saglygyň erbetleşmegi ýüze çykanda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly we lukmanyň beren maslahatyny doly we dogry berjaý etmeli.

 

Häzirki zaman lukmançylygynda näsaglary bejermekde we olaryň janyny halas etmekde gowy netijeli usullaryň biri gan we ondan öndürilýän, ganyň ýerini tutujy serişdelerdir. Sagdyn adamlar lukman bilen maslahatlaşyp, gan donary bolup bilerler.

 

Dürli öý haýwanlaryny weterinariýa gözegçiliginden geçirip, yzygiderli degişli sanjymlary almaly. Olary elläniňden soň elleriňi sabynlap ýuwmaly. Tebigatda dynç alanyňyzda zäherli mör-möjekleriň, ýylanlaryň çakmagyndan ägä bolmaly. Lukmanlaryň her bir mylaýym sözi, maslahaty näsaglar üçin dermandyr we melhemdir, ählimiz üçin bolsa möhüm şertdir.

 

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty
ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.