Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ynsan kalbynyň nury kitap ✦ ✦ “Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçirildi ✦ ✦ Ekologiýa diplomatiýasy rowaçlanýar! ✦ ✦ Bitarap Türkmenistanyň şanly menzilleri ✦ ✦ Arkadag şäheri — bagtyň nury ✦ ✦ Iň ýaş botanika baglary ✦ ✦ Dokma önümçiligi: Aýratyn Sungat ✦ ✦ Dünýäniň iň uly gidrostansiýasy ✦ ✦ Iň uly akwarýumlar nirede ýerleşýär? ✦ ✦ Oňyn hyzmatdaşlygyň binýady – suw diplomatiýasy ✦
Baş sahypa / Saglyk /Saglyk – sagdyn jemgyýetiň gözbaşy
  19.11.2024
88
Saglyk – sagdyn jemgyýetiň gözbaşy

Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby, ilkinji nobatda, türkmeniň beýik şahyrynyň halk, nesil saglygyny, ruhubelentligini gazanmaga degişli ündewleriniň durmuşa geçirilişini hem şöhlelendirýär. Şeýle bolansoň, mähriban Arkadagymyz alym we lukman hökmünde, dermanlyk ösümlikleri dogry we talabalaýyk ulanmagyň zerurdygyny, däri dermanlar dogry ulanylanda, adamlaryň ondan anyk peýda tapjakdyklaryny öwran-öwran nygtaýar.

 

Alym Arkadagymyz: «Biziň ata-babalarymyz ilkinji «tebigy dermanhana» hasaplanan dermanlyk ösümliklere ýüzlenipdirler» diýmek bilen, her bir dermanlyk ösümlik hakynda söz açanda, onuň halk lukmançylygyndaky orny baradaky maglumatlar bilen tanyşdyrýar. Ata-babalarymyzyň dürli dertlerde, aýratyn-da, ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni almakda buýandan emleri taýýarlamagyň ähmiýetini, müň bir derde em bolýan buýanyň köküniň häsiýetini, biologik aýratynlyklaryny we himiki düzümini beýan edeninde, dem alyş ýollarynyň sökelliklerinde, üsgülewükde buýan köküni ýerlikli we ylmy esasda peýdalanmagyň anyk ýollaryny salgy berýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyndaky maglumatlarda il arasynda «süýji buýan» diýlip hem atlandyrylýan bu ösümligiň «…ylmy hem-de halk lukmançylygynda içdäki ýaraly keselleriň, üsgülewügiň, böwrek, ýokarky dem alyş ýollarynyň, onikibarmak içegäniň sökelliklerinde sürgi hökmünde ir döwürlerden bäri ulanylyp gelinýändigi» we melhem hökmünde ulanylyşynyň aýratynlyklary birin-birin beýan edilýär.

 

Ir döwürlerden biziň günlerimize çenli dermanlyk ösümlikler arkaly saglygy goramak, hassalyklaryň sebäpleri we keseli bejermekde ulanylan dermanlyk ösümliklere bagyşlanylyp birnäçe kitaplar ýazylypdyr. Dermanlyk ösümlikleriň kesel bejermekdäki, saglygy goramakdaky hyzmatyny mälim edýän kitaplaryň arasynda Ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylymlarynyň kanuny», Muhammet Gaýmaz Türkmeniň «Pygamber tebipçiligi», Jelaleddin Hydyryň «Dertlere derman», Seýit Ysmaýyl Jürjanynyň «Tebipçiligiň ýankitaby» atly eserleriniň käbirinde buýanyň dermanlyk häsiýeti barada giňişleýin, käbirinde bolsa gysgaça maglumatlar berlipdir. Şeýle kitaplar ir döwürlerden başlap, dünýäniň lukmançylyk ylmyndaky gazanylan üstünliklere türkmen alymlarynyň uly goşandynyň bolandygyna şaýatlyk edýär.

 

Orta asyrlar edebiýatynda buýanyň peýdasy hakynda söz açan kitaplaryň biri hem XIII asyrda ýaşan türkmen alymy Muhammet Gaýmaz Türkmeniň «Pygamber tebipçiligi» atly kitabydyr. Onda: «Gyzgyn tebigatly bolan bu ösümlik gusmakda, balgamy dertleri we üsgülewügi bejermekde peýdalanylýar» diýlip bellenilýär.

 

Jelaleddin Hydyryň bu kitabynda: «Buýan köki — orta tebigatly. Ol gyzgyn-çygly tebigata meýilli. Buýan hyltlary bişirýär, bokurdagy, gursagy ýumşadýar, üsgülewüge peýda edýär. Ol başy aýlaýar, iç sürüji dermanlaryň zyýanyny aýyrýar. Onuň gabygyny hem ulanmak maslahat berilýär» diýlip, keselleri bejermekde giňden ulanylan buýanyň dermanlyk häsiýeti, ýasalyş, ulanylyş aýratynlyklary, şeýle hem adamyň saglygyna edýän täsirleri dogrusynda beýan edilipdir. Bu kitapda buýanyň köküniň gabygy, guradylan gabygynyň suwy, şiresi, buýan baly, gabygy soýlan buýan, gyzyl buýan barada agzalýar. Şeýle-de, awtor «Ýasy gerdejik we togalak gerdejik görnüşli dermanlar», «Lüýk we sufuf barada», «Ýapgylar we melhemler», «Mäjumlar barada», «Şerbetler barada» atly bölümlerde bogun agyrylarynda, üsgülewükde, owazy durlamakda, könelişen üsgülewükde, demgysmada, güýçli gyzzyrmada, ganly gusmada buýan goşulan garyndylaryň peýdasynyň bardygyny mälim edýär.

 

Hudaýnazar ÖWEZOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Harby meýdan hirurgiýasy kafedrasynyň assistenti
Lukmançylyk gullugynyň uly leýtenanty.