Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak baş wezipedir. Bu wezipe halk tebipçiliginiň köpasyrlyk tejribesini, dünýä lukmançylygynyň öňdebaryjy ýörelgelerini sazlaşykly utgaşdyrýan saglygy goraýyş ulgamynyň milli nusgasyny yzygiderli ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen we işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, soňky ýyllarda bu ulgamyň düzümleri giňeldilip, maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, ulgama innowasion tehnologiýalar, iň gowy dünýä tejribeleri we lukmançylyk ulgamyndaky gazanylanlar işjeň ornaşdyrylýar. Şunuň bilen bir hatarda, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ilaty bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmek, öňüni alyş işlerini geçirmek, keselleri irki döreýiş wagtynda anyklamak we netijeli bejermek möhüm wezipeleriň biridir.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň özünde hem Diýarymyzyň çäginde häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň birnäçesiniň açylyp, ulanmaga berilmegi guwandyryjy ýagdaýdyr. Şolaryň hatarynda paýtagtymyzdaky Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, şeýle-de Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň, Mary şäherindäki welaýat we şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze edara binasynyň açylandygyny bellemek ýakymly. Ak mermerli paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda açylan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň sebitde deňi-taýy bolmadyk iri lukmançylyk merkezleri hökmünde uly gyzyklanma eýedir.
«Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr» diýip belleýän hormatly Prezidentimiziň, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň ynsan saglygy hakda edýän aladalaryna, saglygy goraýyş işgärleri üçin döredýän giň şertlerine mynasyp zähmetimiz bilen jogap bereris. Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlary mundan beýläk-de rowaçlyga beslensin!
Nigara BERDIÝEWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.