Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦ ✦ Marokkada Magtymguly Pyragynyň hormatyna çäreler geçirildi ✦
Baş sahypa / Saglyk /Saglyk — durmuşyň gymmaty
  13.11.2024
121
Saglyk — durmuşyň gymmaty

Lukman Arkadagymyzyň hut özüniň ýolbaşçylygynda Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy indi çärýek asyrdan gowrak wagt bäri üstünlikli durmuşa geçirilip, ýurdumyzda ösen jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamy kemala geldi. Maksatnamada kesgitlenen wezipelere laýyklykda, saglygy goraýyş-anyklaýyş, bejeriş-dikeldiş we şypahana-dynç alyş düzümleri döredilip, olaryň dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän döwrebap binalary gurlup ulanmaga berildi.

 

Strategiki häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly bu maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejesine çykaryldy. Ýurdumyzda halka hödürlenýän lukmançylyk hyzmatlarynyň gerimi giňedi we hili ep-esli ýokarlandy. Täze bejeriş usullaryny ornaşdyrmak, ýokary hünär derejeli lukmanlary taýýarlamak wezipelerine hem aýratyn üns berilýär. Türkmen hünärmenleri hünär derejelerini ýokarlandyrmak üçin yzygiderli Ýewropanyň we dünýäniň beýleki döwletleriniň lukmançylyk merkezlerine iberilýär.

 

Mälim bolşy ýaly, her ýylda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyny giňden bellemek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Şu ýylyň 9-njy oktýabrynda hem paýtagtymyzda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralary boldy. Bu dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýedir.

 

Şu ýerde bir zady, özem örän möhüm zady aýratyn belläp geçmek gerek. Lukman Arkadagymyz ýurdumyzda ýaşaýan her bir adamyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulanmagy ugrunda ýadawsyz alada edýär, halkymyzyň jan saglygyny hemme zatdan ilerde tutýar, ony goramaga uly üns berýär, bu ugurda ylmyny, zehinini, zähmetini gaýgyrmaýar. «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary», «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar» atly dürli ýyllarda halkymyza peşgeş eden kitaplary Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanyna, ene topragyna, mähriban halkyna bolan çuňňur söýgüsiniň aýdyň alamatydyr.

 

Halkyň saglygy ýurduň baýlygydyr. Keselleriň öňüni almak, raýatlaryň saglygynyň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň özenini düzýär. Saglygy goraýyş ulgamyny barha kämilleşdirmek babatda ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Merjen DURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.