logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Sport /Saglyk-baş baýlyk
  28.04.2021
860
Saglyk-baş baýlyk

     Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlarymyzyň saglygyny gorap saklamak, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän jemgyýeti kemala getirmek, möwsümleýin keselleriň öňüni almak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu netijeli işleri üstünlikli ýola goýmakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini we sanitariýa-arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişini düşündirmekde TMÝG-niň Babadaýhan etrap Geňeşiniň hem-de Ilkinji Ýaşlar guramalarynyň işjeň agzalaryndan düzülen wagyz-nesihat toparlary maşgala lukmanlary bilen bilelikde etrabyň çägindäki edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň şeýle-de oba Geňeşliklerinde, etrap merkezinde ýaşaýan raýatlaryň maşgala agzalarynyň arasynda bolup, olara lukman maslahatlary bilen bilelikde möwsümleýin kesellerden goranmakda berjaý edilmeli arassaçylyk düzgünlerini düşündirmek boýunça netijeli wagyz-nesihat işlerini geçirýärler.

     Düşündiriş ähmiýetli wagyz-nesihat işleriniň dowamynda Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary bolan ýaş meýletinçiler we maşgala lukmanlary sagdyn durmuş ýörelgelerine salgylanyp, raýatlara saglygy goramaga degişli birnäçe maslahatlary berýärler. Şeýle-de Häzirki wagtda howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy sebäpli döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksady bilen agyz-burun örtüklerini hökmany ulanmagyň, şahsy gigiýenanyň düzgünlerini berjaý etmegiň, sport maşklaryny ýerine ýetirmegiň we saglyga peýdaly gök-önümleri iýmegiň wajyplygy barada wagyz-nesihat işleriniň dowamynda aýratyn bellenilýär.

     Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän jemgyýeti kemala getirmek, raýatlarymyzyň berk bedenli we sagdyn ruhly bolup ýetişmeklerini gazanmak ugrunda uly işler alnyp barylýar.