logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Sports /“Saglygyň başy - hereket”
  20.06.2022
1374
“Saglygyň başy - hereket”

Beden sagdynlygyny gazanmagyň esasy çeşmeleriniň biri hem sport bilen yzygiderli meşgullanmakdyr. Biziň türkmen halkymyzda “Saglygyň başy – hereket” diýilen ajaýyp söz bar. Häzirki berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sport hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe bilen gyzyklanýanlaryň sany günsaýyn artýar. Türkmenistan Diýarymyz sportlar ýurduna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde saglygy berkitmegiň baş sakasy bolan sport bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. “Bedenterbiýe we sport adamyň beden hem akyl-paýhas ukyplaryny ösdürmäge ýardam edýär. Şoňa görä-de, biz ýurdumyzda bu ulgamlary ösdürmäge aýratyn uly ähmiýet berýäris. Ynsan durmuşynda sagdynlygyň ähmiýetiniň örän uludygyny ykrar edýän umumadamzat hem-de milli ýörelgelerden ugur alyp, bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde öňe sürýäris. Sporty we sagdyn durmuşy wagyz etmäge, halkara derejeli ussat türgenleri hem-de hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýäris” diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyz halkyň arasynda sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanmaga bolan islegi güýçlendirmek maksady bilen birnäçe asylly başlangyçlary öňe sürdi. Sporty ruhubelent ýaşaýyşyň çeşmesi hasaplaýan Hormatly Prezidentimiz bu ugurda döredilýän gyzyklanmany, hem-de sporta bolan söýgini döretmegi çagalarda irki ýaşdaky döwründen başlamagy göz öňünde tutup, täze gurulýan mekdebe çenli terbiýe berýän edaralarda hem ýörite enjamlaşdyrylan sport zallarynyň bolmagyny ýola goýdy.