logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Sports /“Saglygym baýlygym!”
  17.12.2020
934
“Saglygym baýlygym!”

      Ýurdumyzda  adam hakdaky alada döwlet syýasatymyzyň ileri tutlýan ugurlarynyň biri bolmak bilen ilatymyzyň saglygyny dürli kesellerden gorap saklamakda döwlet derejesinde uly işler alnyp barylýar.

      Watanymyz bu günki oňyn öňegidişlikleriň ählisi adam hakdaky aladanyň döwletimiziň baş maksady, saýlap alan esasy maksady, saýlap alan esasy ugry, başy tutulýan her bir işiň gözbaşynda goýulan asylly ýörelge bolup durýandygyna şaýatlyk edýär.

      Häzirki döwürde köpçülikleýin  habar beriş serişdeleriniň üsti bilen berilýän daşary ýurtlarda “Koronawirus” atly ýokanç keseli bilen keselleýän adamlaryň sanynynyň gün saýyn artýandygy, adam pidalaryna getirýändigini, nä derejede şu keseliň agyrdygy öz-özünden düşnükli.

      Biziň ýurdumyzda ýylyň ilkinji aýlaryndan başlap ýokanç keseli ýurda aralaşdyrmazlyga gönükdirilen işleriň netijesinde biziň ýurdumyzda şol kesel ýok diýip açyk aýdyp bolýar.

    Şoňa garamazdan öňüni alyş çäreleri bolan hlor ergini, üzärlik tüssesi, elleriňi tämizleýän serişdeler, el-ýüzüňi ýyly suwda sabynlap ýuwmak ýaly çäreler ýurdumyzyň edara-kärhanalary, orta mekdepleri, çagalar baglary, oba geňeşlikleri  bilen bir hatarda ýurdumyzyň Döwlet Serhet gullugyna, Içeri işleri ministrligine  we Goranmak ministrligine degişli harby bölümlerde hem-de harby birliklerde giňden ulanmaklyk wagyz-nesihat işlerimizde maslahat berilýär.

     Bu işe Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän harby bölümleriň şahsy düzümi hem işjeň gatnaşyp, ýokanç keselleriň harbylaryň arasynda ýaýramagyna garşy gönükdirilen çäreleri yzygider guraýarlar.

Ýagny , harby bölümlerde gullukçylarynyň bolýan dolandyryş bölümleriniň gulluk otaglarynda, ýatakhanalarda, esgerleriň naharhanalarynda, medeniýet öýlerinde, ýygnaklar zallarynda, harby sport toplumlarynda, harby gullukçylaryň ýaşaýan harby şäherçelerinde we olaryň daş töwereginde “gippohlorid” ergini bilen arassaçylyk işleriniň geçirdilmegi, güniň iki wagtyna “üzärlik” tütetmek işleriniň geçirdilmegi, harby gullukçylaryň beden gyzgynlygynyň derejesiniň gözegçilikde saklanylmagy ýola goýuldy.

Geçirilýän işler öz oňaýly täsirini ýetirjekdigine berk ynanýarys.