Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦ ✦ Marokkada Magtymguly Pyragynyň hormatyna çäreler geçirildi ✦
Baş sahypa / Saglyk /Saglygy goraýyş ulgamynda uly ösüşler gazanylýar
  19.11.2024
78
Saglygy goraýyş ulgamynda uly ösüşler gazanylýar

Mälim bolşy ýaly, täze taryhy döwrümizde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda uly ösüşler gazanylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, dünýäniň lukmançylyk merkezleri bilen ykjam hyzmatdaşlyk ýola goýlup, bu ulgamda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Täze saglygy goraýyş merkezleri, hassahanalardyr şypahanalar, bejeriş-dynç alyş öýleri gurulýar, dünýä lukmançylygynda gazanylýan tejribeler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar.

 

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda döwrebap saglygy goraýyş ulgamy döredildi. Häzir bu ulgamda düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň örän möhüm ugry hökmünde saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmäge, mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Keselleriň öňüni almak, olary öz wagtynda ýüze çykarmak we bejermek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ilaty zerur bolan derman we beýleki saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün etmek, elýeterli, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrmak, şeýle hem saglygy goraýyş edaralary üçin öz kärine ussat hünärmenleri taýýarlamak arkaly, raýatlaryň sagdyn bolmagyny gazanmak we olaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak saglygy goraýyş ulgamynyň esasy maksady bolup durýar.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge-de aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyz BMG-niň bu ugurda ýöriteleşdirilen düzümi bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Milli maksatnamalardyr meýilnamalar saglygy goraýyş ulgamyny dürli ugurlar boýunça ösdürmekde we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir.

 

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramak ugrunda giň gerimli, ynsanperwer işler alnyp barylýar. Gaznanyň hasabyna ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine zerur enjamlar bilen üpjün edilen täze «Tiz kömek» awtoulaglary, döwrebap saglygy goraýyş enjamlary sowgat berildi. Paýtagtymyzyň we welaýatlaryň degişli saglygy goraýyş düzümlerine Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» öndürijisiniň «Dialog+» kysymly emeli böwrek enjamynyň sowgat berilmegi-de milli saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändiginiň, Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam hakynda hemmetaraplaýyn alada edilýändiginiň aýdyň mysaly boldy.

 

Lukman Arkadagymyzyň ýola goýan başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ilatyň saglygy babatda ählitaraplaýyn alada edilýär. Ynsan saglygynyň baş baýlyga deňelýän ýurdunda lukmanlar üçin hemme şertler, ýeňillikler döredilýärkä, ähli ukyp-başarnyklarymyzy halkyň hyzmatynda goýup yhlasly zähmet çekmek mukaddes borjumyzdyr.

 

Geldimyrat SAÝYPOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Harby meýdan hirurgiýasy kafedrasynyň müdiri
Lukmançylyk gullugynyň podpolkownigi.