logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Sports /“Sagdyn zenan-bagtyýar maşgalanyň gözbaşydyr” atly şygar astynda sport çäresi geçirildi
  19.04.2022
1574
“Sagdyn zenan-bagtyýar maşgalanyň gözbaşydyr” atly şygar astynda sport çäresi geçirildi

Bütindünýä saglyk güni hem-de bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň biraýlygynyň çäginde Tejen etrabynyň Altyn asyr şäherindäki sport mekdebinde sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşik geçirildi. Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň hem-de etrap Zenanlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda Sagdyn zenan-bagtyýar maşgalanyň gözbaşydyr atly şygar astynda geçirilen bu bäsleşige etrabyň orta mekdeplerinde bilim alýan ýokary synp okuwçy gyzlardan düzülen toparlar gatnaşdylar hem-de olar öz aralarynda sportuň woleýbol, tennis, estafeta ylgawy görnüşleri boýunça bäsleşdiler.

Bäsleşik örän gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Onda toparlar ukyp başarnyklaryny, ýeňşe bolan höweslerini hem-de şahsy ussatlyklaryny doly açyp görkezdiler. Şeýlelikde sportuň woleýbol görnüşi boýunça geçirilen ýaryş köpleriň ünsini özüne çekip, has gyzykly geçdi. Onda etrabyň 2-nji orta mekdebiniň topary 1-nji orna, 27-nji orta mekdebiniň topary 2-nji, 30-nji orta mekdebiniň topary 3-nji orna, sportuň tennis görnüşi boýunça 8-nji orta mekdebiniň gyzlary 1-nji orna, 15-nji orta mekdebiniň gyzlary 2-nji orna, 5-nji orta mekdebiniň gyzlary 3-nji orna, estafeta ylgawy boýunça 1-nji orna 6-njy orta mekdebiniň gyzlary, 2-nji orna 7-nji orta mekdebiniň gyzlary, 3-nji orna 24-nji orta mekdebiniň gyzlary mynasyp boldular.

Bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji bolanlara Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ogulbagt AÝNAZAROWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň işgär
i.