Güneşli tomus paslynyň ilkinji güni - 1-nji iýunda dünýä döwletlerinde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Ata-babalarymyz döwletlilik, rysgal-bereketlilik, ýagşy niýetliligk, pespällik, ynsanperwerlilik ýaly gymmatlyklary ömrüň manysy hasap edipdirler. Şu ýörelgelere eýerip, diýarymyzda ýaşlarymyza adamzadyň bagtly ýaşaýşy üçin iň gerekli bolan asyllylyk, medeniýetlilik, edep-ekramlylyk, ynsanperwerlik, birek-birege goldaw etmek ýaly häsiýetleri terbiýelemek döwletlilik ýörelgeleridir. Bu ýörelgeleriň häzirki zamanyň ösüşlere we parahatçylyga gönükdirilen maksatnamalary bilen umumy kökleri bardyr. Şunuň özi ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgeleriniň tutuş adamzat üçin ählumumy häsiýetleriniň bardygyny görkezýär. Sebäbi olar ynsanlary ýagşy işleriň başyny tutmaga, iň gowy adamkärçilik däplerine eýermäge çagyrýar. Ýurdumyzda çagalar üçin gurulýan köşkleriň, çagalar öýleriniň, mekdep-internatlarynyň döwrebap binalary bir sebäp bilen ata-enesinden mahrum bolan çagalaryň terbiýelenýän we hossarlyk edilýän bilim-terbiýeçilik edarasy “Döwletliler köşgi” diýlip atlandyrylýar. Şeýle ykbally adamlar baradaky aladalaryň gerimini has giňeltmek maksady bilen haýyr-sahawat gaznasyny döretmek barada ýörite Karar kabul edildi. Bu gaznanyň döredilmegi ýurdumyzyň çäginde haýsydyr bir sebäp bilen kömege mätäç ýagdaýda galan çagalarymyza goldaw etmek üçin wajyp işleri alyp barýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary netijesinde geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim we terbiýe almagy, sagdyn endiklere eýerip, bagtly durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Eziz Watanymyz ähli arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna - bagtly çagalygyň mekanyna öwrüldi. Çagalygy goramak ýörelgeleri Esasy Kanunymyzda kanunçylyk taýdan berkidilip, kabul edilen kanunlarda, Türkmenistanyň gatnaşýan halkara konwensiýalarynda, şeýle hem milli maksatnamalarda öz aýdyň beýanyny tapýar.
Süleýman GARAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.