Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmen diliniň arassalygyny saklamak her bir dili göteriji adam üçin wajypdyr ✦ ✦ Dil – halkyň ruhy keşbiniň aýnasydyr ✦ ✦ Türkmen bedewi milli buýsanjymyzyň nyşany ✦ ✦ Türkmen diliniň sözlük düzümini baýlaşdyrmak ✦ ✦ TDEI-de täze ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Edebiýat durmuşyň çeper hakykatydyr ✦ ✦ Türkmenistanyň mekdep okuwçylary Halkara Žautykow olimpiadasynda üstünlik gazandy ✦ ✦ Türkmenistanyň energetika ulgamy: durnukly ösüşiň binýady ✦ ✦ Ahal welaýatynda çagalaryň gatnaşmagynda sport çäresi geçirildi ✦ ✦ Türkmen we ermeni kärhanalarynyň gatnaşmagynda işewürlik maslahaty geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Sagdyn jemgyýet – Berkarar döwlet!
  08.12.2020
640
Sagdyn jemgyýet – Berkarar döwlet!

      Babadaýhan etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň mejlisler zalynda bolan wagyz-nesihat duşuşygy halkymyzyň gymmatly baýlygy bolan saglyk temasyna bagyşlandy. Etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilim bölümi, Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy tarapyndan bilelikde guralan duşuşygy diýseň täsirli boldy. Oňa etrabyň orta mekdeplerinde bilim berýän mugallymlar we mekdep müdirleriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlary hem-de dürli ýaşdaky raýatlar gatnaşdylar.

       Wagyz-nesihat duşuşygyny Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Babadaýhan etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Kakamyrat Mämmetdurdyýew alyp bardy. Onda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesiniň rowaçlanmagy, şol sanda ýurdumyzyň saglyk ulgamyndaky gülläp ösüşleri dogrusynda örän baý mazmunly gürrüň etdiler. Bu çärede Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan, ylmy gözleglerinden dörän “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli gymmatly eserinde beýan edilýän  üzärlik otunyň halkymyzyň gadymdan gelýän ynançlary, onuň halk lukmançylygynda tutýan mynasyp orny, ulanylyşy dogrusynda öwüt-ündew häsiýetli çykyşlar hem öz aýdyň beýanyny tapdy.

     Gyzykly geçen duşuşykda bilim işgärlerine häzirki wagtda howanyň düzümindäki ynsan saglygyna zyýan beriji tozan bölejikleriniň kadadan artmagy sebäpli döreýän ýokanç keselleriň öňüni almaklyk maksady bilen agyz-burun örtüklerini ulanyp  arassaçylyk düzgünlerini we şahsy gigiýenanyň talaplaryny doly we dogry berjaý etmeklerini  maslahat bermek bilen özara sowal-jogap alyşmalara giň orun berildi. Duşuşykda saglyk hakda baý mazmunly edilen çykyşlar bilim işgärlerinde uly gyzyklanma döretdi.