Indi her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününi bellemek asylly däbe öwrüldi. Milli senenamamyzda mynasyp orun alan bu senäniň her ýyl uly ruhubelentlikde halkara derejesinde giňden bellenilmegi watandaşlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygynyň güwäsi bolup durýar. Şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde welosipedli ýörişler, sport ýaryşlary we beýleki çäreler geçirilýär.
Bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş çäreleriniň biri biziň sport mekdebimizde hem «Sagdyn durmuş we amatly ulag ýörelgesi» ady bilen geçirildi. Bu çäreler turuwbaşdan rububelentlige beslenip, türgenlerimiziň sporty hemra edinýändikleriniň aýdyň subutnamasy boldy. Olar welosportdan ussatlyk bilen baş çykarýandyklaryny subut etdiler.
Bilşimiz ýaly, «welosiped» sözi latyn diliniň «veloх» – «çalt». «pes» – «aýak» diýen sözlerinden emele gelipdir. Adyndan belli bolşy ýaly, sportuň bu görnüşinde aýagyň dyz we daban bölekleri has köp işjeňlikde bolýar. Şonuň üçin welosport bilen meşgullanmak adamyň ýürek-gan aýlanyşygynyň, dem alyş hadysasynyň has-da gowulanmagyna, süýji keseliniň döremek howpunyň ep-esli azalmagyna öz täsirini ýetirýär.
Häzirki wagtda welosiped dünýäde iň köp ýaýran ulag serişdesi hasaplanylýar. Welosipediň agramynyň ýeňilligi, gabarasynyň uly däldigi, ýangyç sarp etmeýändigi we howpsuzlygy ulagyň bu görnüşiniň özüne çekijiligini artdyrýar. 2017-nji ýylda ýurdumyzda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna welosiped ýaryşlary hem girizildi. Merkezi Aziýa sebitinde iň iri sport desgasy bolan paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde ajaýyp ýapyk welotrek desgasy gurlup, bu desga iň ýokary halkara ölçeglerine kybap gelýär.
Allak ALLAKOW,
Tejen etrabynyň Altyn asyr şäheriniň sport mekdebiniň müdiri.