Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ "Elektrik Maşynlary" boýunça açyk internet olimpiadasy başlaýar ✦ ✦ Saglyk - iň gymmatly baýlyk ✦ ✦ Türkmen alymlary Moskwada geçirilen suwdan peýdalanmak boýunça maslahata gatnaşdylar ✦ ✦ Manadyň 31 ýyllygy mynasybetli ykdysadyýet boýunça bäsleşik ✦ ✦ Himiýa we gaz himiýasy pudagyndaky innowasion tehnologiýalar boýunça halkara maslahat ✦ ✦ Türkmenistanda Kiberhowpsuzlyk Hakatony: "Turkmen Cyber. Hack" Bäsleşigi ✦ ✦ TDEI “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça onlaýn bäsleşigi geçirýär ✦ ✦ “Statistika” dersi boýunça internet bäsleşigi geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan ŞHG guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär ✦ ✦ Türkmen-täjik gatnaşyklary rowaçlanýar ✦
Baş sahypa / Saglyk /Sagdyn bolmak – siziň eliňizde
  10.07.2024
250
Sagdyn bolmak – siziň eliňizde

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdynlyk şahsy durmuşda üstünligi, işde öňegidişligi, owadanlygy we ýaşaýşyň hilini üpjün edýär.Saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşleriniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Adamlaryň durmuşy gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanyşyklydyr.  Türkmençilikde salamlaşylanda hem, ilkinji nobatda, saglyk-amanlyk soraşylýar.  Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Dürdür bu janyň lezzeti, saglyk anyň soltanydyr» diýýär. Hut şol sebäpli lukmanlaryñ maslahatyna eýerip sagdyn durmuş ýörelgelerini doly we dogry berjaý etmek zerurdyr:

 

- Saglyk barada söz açylanda, ilkinji nobatda, arassaçylyk bilen baglanyşykly pikirler öňe çykýar. Sebäbi arassaçylyk — sagdyn bolmagyň ilkinji şerti.Şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi her möwsümde ýüze çykyp biljek birnäçe ýokanç keselleriň öňüni alýar. Saglygy berkitmek üçin hökman arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli. Bu islendik pursatda zerurdyr, muny her birimiz öz maşgalamyzdan başlamalydyrys.

 

-  Adam bedeni üçin sagdyn ukudan has ýakymly, peýdaly ýagdaý ýok.  Adam ömrüniň üçden bir bölegini düýşde geçirýär.  Ukynyň şübhesiz peýdasy güýji dikeltmek, gündizine zerur ätiýaçlyklary çekmek ukybyndadyr.  Ýuwaş, ýokary hilli uky merkezi nerw ulgamynyň öýjüklerini dikeltmäge mümkinçilik berýär, köp keselleriň güýçli öňüni alýar, immunitet ulgamyny güýçlendirýär.

 

- Dogry iýmitlenmek — bu beden üçin zerur bolan ýokumly iýmiti kabul etmekdir. Dogry iýmitlenmegiň esasy kadasy çenden artyk iýmezlikdir. Her nahara gök önümlerden ýa-da miwelerden goşuň.  Iýmitiňiziň ýanynda  gök önümler ýa-da miweler iýiň. Günde iki litr suw içmäge özüňizi mejbur etmegiň zerurlygy ýok. Günde iki litr suw içmeli diýen pikir hem ýalňyş. Özüňiziň iýen iýmitiňize göra suw talap edijiligi bolýa  diňe şony kanagatlandyrar derejede bolsa ýeterli hasaplanýar.Oňat we dogry saýlanan iýmitlenme — sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bölegidir. 

 

- Kadaly iýmitlenmegi fiziki işjeňlik bilen utgaşdyrmaly. Irdenki maşklary ýerine ýetirmek ulular bilen bir hatarda çaganyň hem ukudan açylmagyna we işdäsiniň açylmagyna, günüň dowamynda şähdaçyk, işjeň bolmagyna getirýär. Şol sebäpli ýaş nesli sporta höweslendirmeli. Sport adam saglygy üçin zyýanly endiklerden gaça durmaga we ondan saplanmaga hem ýardam edýär. Maşk etmek bedeniň kesellere garşy goranyş ukybyny artdyrmak bilen, göwnüçökgünlikden hem halas edýär. 

 

Aýna Çaryýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.