logo

Latest news:
✦ Seulda ilkinji «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» sammiti geçirildi ✦ ✦ “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegi “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine tabşyryldy ✦ ✦ Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň gymmaty ✦ ✦ Garaşsyzlyk — Watanymyzyň ganaty ✦ ✦ Geňeşli il — döwletli il ✦ ✦ Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk ✦ ✦ Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦
Home / Economics /Sagdyn beden sagdyn ruh
  01.09.2020
866
Sagdyn beden sagdyn ruh

      «Türkmenistan – Bitaraplygyň Mekany» ýylynda täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Babadaýhan etrap komitetiniň we etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda Babadaýhan etrabynyň 18-nji orta mekdebinde netijeli zähmet çekýän mugallymlaryň arasynda “Sagdyn durmuş ýörelgelerini we sanitariýa-arassaçylyk kadalaryny berjaý edilşine düşündirmek hem-de ýiti öýken sowuklama keselini dörediji ýokanyjynyň ýaýramagynyň öňüni almak”  maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

       Duşuşykda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň her bir raýatynyň baş saglygy ugrunda alnyp barylýan adyl syýasat netijesinde, uly tutumly işler barada agzalan partiýanyň etrap komitetiniň başlygy N.Çaryýew, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda ýurduň her bir türkmen raýatynyň saglygy ugrunda alada edýän Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” we “Melhemler mekany” atly kitaplaryndan ugur alyp ýurdumyzyň iň gymmatly hazynasy bolan ynsan saglygyny gorap saklamak, sagdyn ýaşaýyş durmuş şertlerini döretmek ýaş nesili geljekde beden taýdan sagdyn ruhybelent adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmakda netijeli işleri alyp barmak boýunça giňişleýin durup  geçdiler.