logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Saglyk /Saç näme sebäpden dökülýär?
  03.04.2022
3860
Saç näme sebäpden dökülýär?

Zenanlaryň we erkekleriň umumy meseleleriniň  biri saçyň dökülmegidir. Saçyň dökülmeginiň dürli  sebäpleri bardyr. Bu sebäpler möwsümleýin üýtgemeler,  genetiki faktorlar, demir ýetmezçiligi,  gormon meseleleri, witamin-mineral ýetmezçiligidir.

Demir ýetmezçiligi we ganazlyk saç dökülmeginiň iň uly sebäpleriniň biridir. Demir ýetmezçiliginde düzüminde demir saklaýan iýmitleri köp iýmek bilen bu meseläniň öňüni alyp bolýar. Demir ýetmezçiligi gandaky kislorod derejesini peseldýär. Bu bolsa saç follikulalaryna kislorodyň  ýeterlik däldigine sebäp bolýar. Adam uzak wagtlap stresde bolsa ýa-da şikes alan bolsa 3-6 aýdan soň saçy çalt düşüp başlaýar. Genetiki faktorlar hem saç dökülmeginde uly rol oýnaýar. 

Belok ýetmezçiligi  sebäpli hem saç düşüp bilýär. Ýeterlik derejede belok ýetmese, saçyň ösmegini togtadyp bilýär. Mundan başgada B witaminiň ýetmezçiliginde saçyň dökülmegine sebäp bolup bilýär. Şonuň üçin saçlara wagtly-wagtynda ideg etmeli. Saç ýuwujy serişdeler saça görä saýlanylmaly. Saçlara wagtly-wagtynda ideg saçlaryň has-da janlanmagyna, reňkli görünmegine getirýär.

Oguljemal HALLYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.