logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Syýasat /Russiýanyň işewürlik topary ýurdumyza iş sapary bilen geler
  22.11.2022
951
Russiýanyň işewürlik topary ýurdumyza iş sapary bilen geler

2022-nji ýylyň 12—15-nji dekabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň sebitlerinden orta we iri kärhanalaryň degişli işgärlerinden ybarat bolan wekiliýet ýurdumyza iş sapary bilen geler.

Işewürlik toparynyň bu resmi sapary, Rus-Türkmen işewür geňeşiniň, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Diwanynyň we Russiýanyň Ykdysady ösüş ministrliginiň kömegi bilen guralar.

Saparyň çäklerinde hyzmatdaşlar bilen anyk şertnamalary baglaşylar. Şeýle hem bu resmi sapar Türkmenistanyň işewürlik ýagdaýy, bäsdeşlik we jemgyýetçilik-syýasy gurşawy bilen tanyşmaga, şeýle hem gatnaşyjylaryň her biri üçin işewürlik strategiýasyny işläp düzmäge, logistika ýollaryny emele getirmäge ýardam berer.