Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ III Halkara açyk informatika internet olimpiadasy üstünlikli geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan bilen ÝUNFPA ýaşlar syýasatyny maslahatlaşdy ✦ ✦ Mekdep kitaphanalarynyň işi kämilleşdirilýär ✦ ✦ “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” atly medeni çäre ✦ ✦ Türkmenistan - BMG-da ýaşlar duşuşygyny guraýar ✦ ✦ Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dilinde geçiriljek suhangöýlük bäsleşigi ✦ ✦ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Bişkekde medeni çäre guraldy ✦ ✦ Üzärlik – tebigatyň keramatly oty ✦ ✦ Immunizasiýa hepdeligi — ilatyň saglygyny goramagyň ygtybarly ýoly ✦ ✦ Ýaş talyplaryň döredijiliginde türkmen bedewiniň waspy ✦
Baş sahypa / Şygryýet /RUBAGYLAR ÇEMENI
  14.03.2023
901
RUBAGYLAR ÇEMENI

Eger-de, namarda düşäýse işiň,
Ol ahmyr etdirer, gysdyrar dişiň.
Mert bolsa ýumşuňy müň esse bitir,
Bolar ol depäňe täç etjek kişiň.

*  *  *

Gowa gowy diýgin, ýamana ýaman,
Ýaryşda ozaýýar käteler çaman.
Zanny halal, çyn ýürekdeş ynsana,
Mydam gowşurylýar söýgüden çemen.

*  *  *

Bagt guşun uçursaň, tutup bolmaýar,
Özüňden ökdäni utup bolmaýar.
Durmuşyňda gündiz çiglik edäýseň,
Gijelerine rahat ýatyp bolmaýar.

*  *  *

Hünärli adamlar kişä zar bolmaz,
Saçakda bereket, asla hor bolmaz.
Her işde iline aýakbag bolýan,
Hiç haçan mynasyp gerçek är bolmaz.

*  *  *

Hiç bir işde gowşak tutma salyňy,
Düzüw tutgun mydam niýet-päliňi.
Durmuşda seresap ýaşamalydyr,
Saýgarawer sen ýörejek ýoluňy.

*  *  *

Kejeňek öz atyn ýeke çapýandyr,
Her kes mydam öz pälinden tapýandyr.
Hakyky dost diňe ýagşyňy ýaýar,
Kemiňi-köstüňi mydam ýapýandyr.

*  *  *

Asla yz tapmarsyň ýiten wagtdan,
Karzy üzüp bolar diňe nagtdan.
Aýa wagtyň, gyzyl gyryndysydyr,
Ömrüň doly bolar şonda bagtdan.

*  *  *

«Käbäm enem, kyblam atam» diýdik biz,
Olaryň pendine baky uýduk biz.
Olar ömrümiziň çeşmesi diýip,
Gursagmyza müdimilik guýduk biz.

*  *  *

Ekeniňi orýanyňy bilmeli,
Näme etseň, görýäniňi bilmeli.
Ýaman işler edäýseň sen durmuşda,
Dyza ýumruk urýanyňy bilmeli.

*  *  *

Ýalňyşlarmy çar tarapdan çöpleýäň,
Ätiýaçly iç hümledip gepleýäň.
Depäm göge ýetýär käte-käteler,
Garaz, ýagşylygmam az-kem toplaýaň.

*  *  *

Oda-köze düşüp, aljyrap ýörme,
Gerekmejek zada eljiräp ýörme.
Buz üstünde tozan arap her kese,
Ýagşydan öň ýaman zatlary görme.

*  *  *

Piliň gulagynda uklamaly däl,
Nätanyş gapydan ätlemeli däl.
Gowy zada gowy, ýamana — ýaman
diýmeli, garany aklamaly däl.

*  *  *

Ýagşylyk eýläre ýürek gerekdir,
Bir-biregi söýýän ýürek ýürekdir.
Mylaýym, güler ýüz hemem ýagşy söz,
Käte saçakdaky nana derekdir.

*  *  *

Agtyklarda görýän çagalyk döwrüm,
Gözleýän tapamok, juwanlyk howrum.
Ymtylýan, geçmişden kän zady görjek,
Wah, yza dönere ýok eken öwrüm.

*  *  *

Ummaga uçurdym hyýal guşlarmy,
Garşy alýan yz-yzyna gyşlarmy.
Ömrüň pursatlary gaýtalanmaýar,
Bahar-ýazlar indi maňa duşmazmy?!

*  *  *

Saçymyň tarynda çolaşan söýgim,
Gördüm, has artypdyr sönmeýän gaýgym.
Ýaşyň gitdigiçe köreýän eken,
Ýüregiň töründe köz bolan duýgyň.

*  *  *

Tapanyň kän, ýitireniň has agdyk,
Işläniň köp, oturanyň has agdyk.
Ýöne bu ömürde boş geçen günleň,
Juda känligini şu pursat aňdyk.

 

Amangeldi HOMMAKOW.