logo

Latest news:
✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦ ✦ «Sanly geljek-2026» atly bäsleşigiň netijeleri yglan edildi! ✦ ✦ «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly elektron görnüşdäki ylmy žurnal dörediler ✦ ✦ Paýtagtymyzda «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwal geçiriler ✦ ✦ Köpöwüşginli medeni forum üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary ösüş ýolunda ✦ ✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦ ✦ Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlady ✦ ✦ Ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Täze ylalaşyklar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar ✦
Home / Society /Bahar - ýaşlygyň we ýaşaýşyň pasly
  24.02.2026
319
Bahar - ýaşlygyň we ýaşaýşyň pasly

Pasyllaryň soltany hasaplanýan bahar belent ruh, joşgun we ylham bilen dünýä inýär. Baglardaky agaçlar pyntyk atyp, tebigat täzeden janlanýar, onuň müňýyllyklara uzaýan taryhyna täze bir sahypa goşulýar. Şol sahypalara tebigatyň gözelliginden güýç alan adamlaryň ýagşy işleri, sogaply amallary hem-de birek-birege bolan mähri ýazylýar. Bahar bilen birlikde giň sähralar, dag-dereler, bag-bossanlyklar ýaşyl reňke bürenip, dürli öwüşginli güller bilen bezelen ýaly bolýar.

 

Baýyrlar ýaşyl donuny geýýär, depe-düzler gyzyl güläleklerden ýaňa al-elwan haly mysaly keşdeläp ýazylýar. Älem göýä tutuşlygyna güle dönýär. Ýagşyň tämiz ysy bilen gülleriň hoşboýlygy howada garylyp, giň dünýäni bark urdurýar. Arassa meýdan howasy göwnüňi göterýär. Ýaşyl şahalara seredip duranyňda, ýaşaýşyň we bakylygyň reňkini duýýan ýaly bolýarsyň.

 

Baglarda guşlaryň süýji owazy ýaňlanýar, kebelekler bilen bal arylary reňbe-reň gülleriň üstünde perwaz edýär. Säheriň mymyk şemaly baharyň gelendigini buşlaýar. Bahar kebelek ýaly näzik we reňkli. Kebelekde bar bolan älemgoşaryň ýedi reňki baharyň goýnunda hem jemlenýär. Şol reňkler adam kalbynda ýaşaýşa bolan mukaddes söýgini oýarýar, duýgulary joşdurýar. Kebelek ýagşyň yzyndan peýda bolşy ýaly, bahar hem ýagyşdan soň öz gözelligini has-da açýar. Bu tebigatyň üýtgewsiz kanunydyr.

 

Bahar erikleriň, şetdalylaryň, almalaryň gül açan döwri. Ýaşyl maýsanyň jana şypaly ysy howada duýulýar. Şeýle pursatlarda ýürekler ylhamdan we hyjuwdan dolýar. Ýazlyga çykyp dynç almak, hiňňildikde uçup göwün solpuňy çykarmak, owlak-guzularyň arasynda şatlanýan çagalaryň gülküsini diňlemek, säher wagty semeniniň ýüzünde galan yzlara arzuw baglamak, läle kakmak, küşt depmek – bularyň hemmesi baharyň ynsana bagyş edýän bagtly pursatlarydyr.

 

Roza Agageldiýewa,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet

mugallymçylyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.