Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /«Pyragynyň waspy ýaşlaryň dilinde» atly 2-nji bölümçesi öz işini dowam etdi
  11.05.2024
204
«Pyragynyň waspy ýaşlaryň dilinde» atly 2-nji bölümçesi öz işini dowam etdi

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän umumybilim berýän ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiniň mejlisler jaýynda «Pyragynyň waspy ýaşlaryň dilinde» atly 2-nji bölümçesi öz işini dowam etdi.

 

Maslahatyň 2-nji bölümçesini Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri U.Kakaýewa alyp bardy.

 

2-nji bölümçäniň çäginde geçirilen duşuşykda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby M.Mahtumow, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň kafedra müdiri J.Seýdiýewa, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy-gaz institutynyň Geofizika bölüminiň 2-nji derejeli inženeri G.Mämmedowa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy G.Allakulyýewa, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň aspiranty M.Berdiýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň başlygy H.Kişjikow, şeýle hem, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 1-nji ýyl magistri O.Amanmämmedowa dagylar çykyş etdiler.

 

Çykyş edenler:

  • Magtymguly Pyragy – beýik pikirleriň we sagdyn düşünjeleriň eýesi;
  • Magtymguly Pyragynyň döredijilik filosofiýasy;
  • Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň;
  • Ynsan kalbyna ýagşylyk şuglasyny çaýýan Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasy;
  • Magtymguly Pyragy – asyrlaryň şamçyragy;
  • Şygyrlary kalba lukman Pyragy;
  • Magtymguly sözlär tili türkmeniň;
  • Şahsyýet kämilligi

ýaly temalar boýunça çykyş etdiler.