Bütin dünýä ady dolan Gündogaryň akyldar şahyry, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymgulynyň döredijiligi ata-babalarymyz tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda toplanan medeni mirasyň merjenidir. Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň durmuş pelsepesine öwrülen ajaýyp şygyrlary, öňe süren taglymatlary, öwüt-ündewleri we ýörelgeleri bu gün millionlarça adamlaryň aňyna, ýüregine hem-de duýgularyna örän oňaýly täsir edip, mertligiň we gaýduwsyzlygyň özboluşly şygaryna öwrüldi.
Magtymguly — bu bütin türkmenler üçin, damarlarynda türkmen gany joşýan çeper sözüň muşdaklary üçin iň mähriban, iň guwançly, iň buýsançly at. Belli rus gündogary öwrenijisi W.Bartoluň belleýşi ýaly, bütin Orta aziýa halklarynyň arasynda diňe türkmenlerde milli şahyr bolupdyr, ol hem Magtymguludyr.
Gyrgyz halkynyň beýik ýazyjysy Çingiz Aýtmatow XVIII asyr Magtymguly Pyragynyň asyry diýip belläp geçdi. Bu hakykatdan hem şeýle. Orta Aziýada, Gündogarda, galyberse-de, tutuş dünýäde poeziýanyň altyn hazynasyna öz şygyrlary bilen girmegi başaran akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döreden goşgulary ýene-de birnäçe ýüzýyllaryň dowamynda okalmagyny dowam eder.
Bugdaý ýaly sünnäli setirleri bilen ýürekleriň töründen orun alan Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň berkarar döwletli bolmagyny tüýs ýüreginden arzuwlap:
Gurdugym, aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr,
Erer ol erkan mydam, budur ki türkmen binasy
― diýen setirleri döredipdir.
Şirinden-şirin şygyrlarynyň üsti bilen pelsepewi garaýyşlary halkyna bagyş eden Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky ynsanperwer pikir-garaýyşlar asyrlar geçse-de gymmatyny ýitirmeýär.
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar.
Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň erkinlik, özbaşdaklyk, agzybirlik ýaly halkyň asylly pikirlerini özünde jemleýän eserleri bu gün türkmen halkynyň ruhuny has hem belende göterýär. Häzirki Garaşsyzlyk zamanamyzda Magtymguly Pyragynyň arzuwlary hasyl bolup, berkarar ýurdumyz ösýär, özgerýär, bagtyýar halkymyz eşretli döwrümiziň hözirini görüp ýaşaýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän täze başlangyçlar we özgertmeler hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasa ýugrulan parasatly syýasatyna, halkymyzyň ýürek sedasyna öwrülen «Döwlet adam üçindir!» diýen belent şygara esaslanýar.
Wepa PALTAÝEW,
Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň raýat ýagdaýynyň
namalarynyň ýazgysy bölüminiň esasy hünärmeni.