Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Paýtagtymyzda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy – 2024» atly halkara sergisi öz işine başlady
  03.11.2024
160
Paýtagtymyzda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy – 2024» atly halkara sergisi öz işine başlady

Şu gün Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy – 2024» atly halkara sergisi we «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahaty öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Söwda-senagat edarasynyň, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen «Türkmen energiýa forum» hojalyk jemgyýetiniň bilelikde gurýan giň gerimli sergisi, ýurdumyzdaky gurluşyk, senagat, energetika we himiýa senagatynyň gazananlaryny, şeýle hem dünýä belli kompaniýalaryň hödürleýän ýöriteleşdirilen enjamlary we öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanyşdyrmagy maksat edinýär. 

 

«CIET 2024» forumynyň çäklerinde geçirilen maslahatyň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi barada giňişleýin pikir alşyldy. Oňa ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, telekeçiler we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdy. 

 

5-nji noýabrda, üç günlük forumyň tamamlanmagy bilen, sergä gatnaşyjylara diplomlary gowşurmak we «CIET 2024» forumynyň netijeleri boýunça metbugat maslahaty geçiriler.

 

Ýusupberdi BERDIÝEW,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.