Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň Garaşsyzlygy agzybirligiň, bitewiligiň nyşany ✦ ✦ Paýtagdymyzda Tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş başlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň ilçisi Hytaýda okaýan türkmen talyplary bilen dușuşyk geçirdi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti Almaty şäherinde geçirilen sebitleýin maslahata gatnaşdy ✦ ✦ Tejen etrabynda woleýbol ýaryşy geçirildi ✦ ✦ Çeper eser okamagyň peýdasy ✦ ✦ Halkara gimnastika federasiýasynyň başlygy Türkmenistana geldi ✦ ✦ Oleg Kononenko ýere dolanmaga taýynlanýar ✦ ✦ Halkara ulag-üstaşyr geçelgelerine bagyşlanan halkara maslahaty we sergisi geçiriler (ITTC 2024) ✦ ✦ Tejen etrabynda “Ak kerwen” dabarasy geçirildi ✦
Baş sahypa / Gyzykly /«Paýhas hüjüminde» ýeňijiler bolmaýar
  24.05.2024
397
«Paýhas hüjüminde» ýeňijiler bolmaýar

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik dowam edýär. 24-nji maýda bäsleşigiň çäklerinde oňa gatnaşyjylaryň bilelikdäki «paýhas hüjümi» breýn-ring bäsleşigi hem geçirildi.

 

Bu çäre akyl-paýhas hyzmatdaşlygy formatynda bolup, onda 1 sagat 30 minut diskussiýa, jemleýji teklibi taýýarlamak, ylalaşmak we gutarnykly görnüşde hödürlemek üçin goşmaça 30 minut berildi. Bu tapgyryň esasy wezipesi halkara we sebit ýagdaýlarynyň derwaýys meselesini seljermek netijesinde, halkara subýektleriniň arasynda optimal dialog we hyzmatdaşlyk usullaryny hem-de olaryň görnüşlerini bilelikde hödürlemek bolup durýar.

 

Bu tapgyrda ýeňijiler kesgitlenmeýär. Diskussiýa işeňňir gatnaşyjylar, Jemleýji teklibiň mazmunynda pikirleri we teklipleri giňden şöhlelendirilen toparlar ýa-da gatnaşyjylar aýratyn bellenilip geçildi.

 

«Paýhas hüjümine» halkara bäsleşiginiň gatnaşyjylary bolan Özbegistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we olara ýolbaşçylyk edýän professor-mugallymlary gatnaşdylar. Bu çäräniň esasy wezipesi halkara we sebit ýagdaýlarynyň derwaýys meselesini seljermek netijesinde, halkara subýektleriniň arasynda optimal dialog we hyzmatdaşlyk usullary hem-de olaryň görnüşleri boýunça pikir alyşmak, şeýle-de oňyn teklipleri hödürlemek bolup durýar.

 

Merjen ORAZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.