Bilşimiz ýaly, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemäge, olaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmaga, ýagşy bilen ýamany tapawutlandyryp, ýaşlarda ynsanyň gowy häsiýetlerine söýgi döretmäge itergi berýän nusgalyk şygyrlar eriş-argaçdyr. Şunuň bilen baglylykda, il-halkymyzyň teklipleri nazarda tutulyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen 2024-nji ýylymyzyň her bir gününde täze üstünlikleriň, ösüşleriň, bagtyýarlygyň, esasan-da, söz mülküniň aryby Magtymguly Pyragynyň şirin şygyrlarynyň belent ruhy duýulýar.
Magtymgulynyň şygyrlary dürli ýyllarda dünýäniň ençeme dillerine terjime edilip gelinýär. Magtymguly Pyragynyň adynyň ebedileşdirilişi bilen bagly maglumatlar has gyzyklylygy hem-de giň ýaýrawy bilen haýrana goýýar. Şahyryň çekilen suratlary, haly portretleri, heýkeltaraşlyk sungatyndaky keşbi, ady dakylan edara-kärhanalar, etraplar, obalar, muzeýler, seýilgähler, köçeler ýaly maglumatlar Magtymguly Pyragynyň adynyň ebedileşdirilişi babatynda beýik işleriň edilýändigini görkezýär.
Şu ýylymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň şygryndan ugur alnyp buýsançly şygara eýe bolmagy bu ugurda alnyp barylýan terbiýeçilik ugurly işleri has-da işjeňleşdirmäge, onuň mazmuny arkaly nesillerde döwletli döwre, milletiň akyldaryna hormat duýgusyny ebedileşdirmekde baý mazmunly mümkinçilikleri açýar. Şu nukdaýnazardan, bilim ojaklarynyň hatarynda, mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem ýylymyzyň şanly şygaryndan ugur alyp, Magtymguly atamyzyň döredijilik mirasyna eýerip okuw-terbiýeçilik, usuly-guramaçylyk işleri milli usulyýetiň gazananlaryna laýyklykda guralýar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şygary astynda Magtymguly atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çagalar bakja-baglarynda alnyp barylýan usuly-guramaçylyk işleriniň çäklerinde bilim işgärleriniň syýasy, edebi sowatlylyklaryny baýlaşdyrmaga, jemgyýetçilik we medeni köpçülik çärelerine işjeň gatnaşmaklaryny gazanmaga hem ähmiýet berilýär. Bu ugurda jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde yglan edilýän bäsleşiklere, döredijilik agşamlaryna, duşuşyklara gatnaşylýar. Munuň özi nesil terbiýesi we sowatly kemala getirilmegi ugrundaky işlerde milli tejribäniň, hünär kämilliginiň ösdürilmeginde oňyn netijelidir.
Dilaram MEŇLIÝEWA,
Daşoguz şäherindäki 5-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.