Hormatly Prezidentimiz parasatly baştutanlygynda il-günimiziň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak babatyndaky aladalary has-da öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda hormatly prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwerlik syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň dünýä bileleşik döwletleriniň arasynda oňyn hoşniýetli goňşyçylyk gatnaşyklary ýola goýmak bilen eziz watanymyzyň durnukly ösişini gazanmak dogrysynda dünýä tehnologiýalarynyň täze gazananlaryny durmuşymyza ornaşdyrmak dogrysynda ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli,sowatly giň dünýä garaýyşly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin olaryň daşary ýurt dillerinden we dünýä ýüzüne laýyk gelýän täze tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykaryp bilmekleri üçin häzirki zaman dünýä siwilizasiýasyna doly gabat gelýän döwrebap bilim ojaklaryny çagalar baglaryny, saglyk öýlerini, sport desgalaryny, medeni-dynç alyş merkezlerini doly derejede abzallaşdyrylyp eziz halkymyza peşgeş berilýär. Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň alyp barýan syýasatynda ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek sanly-bilim ulgamyna geçmek barada milli konsepsiýa kabul edildi. Bu konsepsiýanyň esasynda obalarymyzyň merkezi şäherlerimiziň durkuny täzeläp,köp gatly ýaşaýyş jaý toplumlary ulanylmaga berilýär.Şeýle-de hem 2019-2025-nji ýyllara çenli Aziýanyň “Merjen şäheri” diýlip yglan edilen Aşgabat şäherimiziň Demirgazyk böleginde täze döwrebap şäherçäniň gurlup ulanmaga berilmegi barada kararlara hem gol çekildi. Hormatly Prezidentimiziň öňden görüjilikli syýasatynyň netijesinde ähli ugurlar bilen bir hatarda ulag logistika pudagyny ösdürmek dogrysynda hem uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirilýän “Açyk gapylar” syýasatynyň netijesine goňşy döwletleriň halkara abraýly guramalary bilen hyzmatdaşlyk saklamak bilen bir hatarda parahatçylygy oňyn hoşniýetligi ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ýola goýup geljek-de hem bu döwletleriň arasynda söwdany ykdysadyýeti we medeni gatnaşyklary ýokary derejelere götermek bilen bir hatarda öz medeniýetimizi, medeni mirasymyzy açyk görkezmek we ony dünýä ýaýmak ylymyň täze gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmakdan ybarat bolup durýar. Türkmenistan dünýä döwletleriniň arasynda oňyn “Bitaraplyk” derejesine ýetmek bilen olaryň arasyndaky özara oňuşmazlyk goşulyşmazlyk bilen parahatsöýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýardam beriji ýurt hökmünde tanalyp döwletleriň arasynda durnukly ösüşi ýola goýmakdan ybaratdyr. Geljek-de hem hormatly prezidentimiziň başda durmagyndan ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek dogrysynda dünýä döwletleriniň arasynda oňyn hoşniýetliligi, parahatsöýüjiligi, belent ynsanperwerligi ýokary derejelere götermek bilen ýurtlaryň arasynda iri halkara abraýly guramalary bilen dürli pudaklar boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýup durnukly ösüşini mundan beýläk-de uly rowaçlyklar bilen ösjekdigine ynanylýar.