Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzda täze senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy ✦ ✦ Ýurdumyzda 3 sany onkologiýa merkezi gurular ✦ ✦ Demir garyndylaryny öndürýän zawodyň gurluşyk taslamasy hödürlendi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Abu-Dabide geçirilen “Bütindünýä Jemagat Hyzmatlary Kongresine” gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti Ženewa şäherinde geçirilen Durnukly energetika hepdeliginiň çärelerine gatnaşdy ✦ ✦ "Plasebo" ähli keselleriň dermanymy? ✦ ✦ Türkmen halkynyň genji-hazynasy ✦ ✦ Başymyzyň göwher  täji — Garaşsyzlyk ✦ ✦ Parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr ✦ ✦ Türkmenistan – ekologik meselelerde işjeň  gatnaşyjy ägirt ✦
Baş sahypa / Syýasat /Parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr
  20.09.2024
27
Parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz BMG bilen işjeň we ysnyşykly hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu abraýly guramanyň çäklerinde bellenip geçilýän halkara günleri hem juda ähmiýetli we gyzgyn bellenip geçilýär. Şolaryň biri hem Halkara Parahatçylyk güni.

 

Türkmenistan döwletimiz dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek we berkitmek ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek we çuňlaşdyrmak babatda ýola goýulýan gatnaşyklar täze many-mazmuna we täzeçe öwüşgine  eýe bolýar. Eziz Watanymyz diňe bir parahatçylygy söýüji ýurt hökmünde tanalman, eýsem, parahatçylygy dörediji, ösdüriji, berkidiji döwlet hökmünde hem tanalýar. Bu aýdylanlara mysal hökmünde Milli Liderimiziň hormatly Prezidentimiziň öňdengörjülikli içeri we daşary syýasatynyň miwesi bolup, ýurdumyz parahatçylyk syýasatyna işjeň gatnaşýar, şeýle-de dünýäde bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan parahatçylygy ynamly goldaýar.

 

Bu halkara bellenilýän sene ýagny, Halkara Parahatçylyk güni — Birleşen Milletler Guramasynyň Assambleýasy tarapyndan  ähli ýurtlaryň we halklaryň arasynda dünýä nusgalyk parahatçylygy pugtalandyrýan gün hökmünde yglan edildi. Bu sene mynasybetli BMG-syna agza döwletleriň çäklerinde çäreler, konferensiýalar, maslahatlar geçirilýär.

 

Medine Dilmuradowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Gidromeliorasiya we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň
1-nji ýyl talyby.