Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /«Parahatçylyk owazy» atly Türkmenistanyň birleşen orkestriniň ilkinji konserti boldy
  18.11.2024
94
«Parahatçylyk owazy» atly Türkmenistanyň birleşen orkestriniň ilkinji konserti boldy

«Pähim-paýhas ummany - Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary netijesinde türkmen halkynyň edebi mirasyny, dünýä belli kompozitorlarymyzyň döredijiligini, olaryň eserlerini ylmy taýdan öwrenmeklige döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär.

 

Bu gün hem Mukamlar köşgünde geçirilen halypa mugallymlar,talyp ýaşlary bilen bilelikde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hemde-de Türkmen Döwlet Ýörite sazçylyk mekdepleriniň gatnaşmagyndaky birleşen “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” orkestriniň bilelikdäki konserti uly şowhunly geçirildi.

 

Konsert "Garaşsyz Bitarap Türkmenistan"- ýaş kompozitor Dòwletmammet Ökdirowyñ sazyna döredilen bu watançylyk aýdymy bilen açyldy. Bu aýdymy konserwatoriýanyñ hory we orkestri bilen bilelikde talyplar Kadyr Esenow, Baýramtäç Gandymowa, Atajan Hemraýew we Güljemal Taýlyýewa dagy ýerine ýetirdiler.Şeýle hem bulara konserwatoriýanyñ talyby Kowus Bäşimow dirižýorlyk etdi.

 

Konsertiñ dowamynda iki eser- Aman Agajykowyñ "Oguzlar" hem-de Magtymguly Pyragynyñ goşgularyna döredilen "Armanym galdy" eserleri ýerine ýetirildi. Bu ýerine ýetirilen eserler diñleýjiler uly we ýakymly täsir galdyrdy.

 

Şeýlelikde, ýene bellemeli zat, dirižýoryñ taýajygy Kowusdan konserwatoriýanyñ mugallymy Gurbanberdi Begenjowyñ eline geçýär. Soñra "Parahatçylyk owazy"orkestriniñ adyna laýyklykda, konsertda dostlukly daşary döwletleriñ meşhur aýdym-sazlary ýañlandy.

 

Konsertiñ dowamynda ýerine ýetirilen Orkestr Klaus Badeltiñ "Karib deñziniñ garakçylary" kinofilmine ýazan sazy we Wissarion Şebaliniñ "Gyş ýoly", Astor Piassolanyñ "Libertango", Aram Haçaturiýanyñ "Gylyçly tansy", Danil Braslawskiniñ " Şadyýan orkestr" sazlary,  "Regtime" jaz we "Perwaz" kwintet toparynyñ çykyşlary konsertiñ has hem şowhunyny artdyrdy.

 

Mämmet Nuryýewiñ ýerine ýetiren " Baga seýle"türkmen halk aýdymy zalda biragyzdan elçarpyşmalara mynasyp boldy. Şeýle hem konserdiñ ahyrynda bolsa, horuñ, orkestriñ we dòrt solistiñ ýerine ýetiren " Bitaraplyk aýdymy"  atly aýdym ýañlandy.

 

Medeniyet,sungatymyzyñ Hak howandary, medeniýetimizi,sungatymyzy ösdürmekde bize baş halypa bolup durýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys! Goý, Gahryman Arkadagymyzyñ , Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ janlary sag, òmurleri uzak, tutyan tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

 

Begenç ROZYÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen
milli konserwatoriýasynyň IV ýyl talyby.