Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň IV möwsümi başlandy
  26.06.2024
349
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň IV möwsümi başlandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýörite karary bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň gurnamagynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň 2024-2025-nji okuw ýylynda IV möwsümi başlandy.

 

Saýlama tapgyrynyň bu möwsüminde okuwçylar ýazmaça görnüşinde 100 sany test soraglaryna jogap bermek esasynda saýlanylar. Sowallary orta mekdepleriň 9-11-nji synplarynyň Türkmenistanyň taryhy, dünýä taryhy, Türkmenistanyň medeni mirasy, Dünýä medeniýeti, iňlis dili, rus dili derslerinden bolar. Şeýle hem okuwçylaryň pikirlenişini barlamak maksady bilen akyl-paýhas (IQ, logiki) soraglary hem bolar.

 

Bäsleşige gatnaşmak isleýän okuwçylar bilen saýlama test synagy 2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň II ongünlüginde geçiriler. “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşigine ýurdumyzyň 10-11-12-nji synp okuwçylary gatnaşyp biler.

 

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän 10-11-12-nji synp mekdep okuwçylary özleri baradaky maglumatlary 2024-nji ýylyň 15-nji sentýabryna çenli möhletde şu e-mail salga ibermeli:

 

parahatchylygynchaparlary@gmail.com

 

Maglumatlar şu aşakdaky tertipde ýazylmaly:

1.Şahsy maglumatlary (Ady we familiýasy, anyk ýaşaýan salgysy, okaýan mekdebi we synpy, öý we el telefon belgileri, elektron salgysy, mekdep formasynda resminama üçin düşülen 3x4 ölçegdäki suraty hem goşmak bilen);

2. Okuwda, döredijilikde we bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri;

3. Bilýän hem-de öwrenmegi dowam etdirýän daşary ýurt dilleri;

4.Gyzyklanýan bilim ugurlary, gowy görýän güýmenjeleri we.ş.m.