logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Özgerişler bagtyýar döwrümize şan getirýär
  24.04.2023
913
Özgerişler bagtyýar döwrümize şan getirýär

Häzirki wagtda Türkmenistan ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine, oňa daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine, işleriň bazar gatnaşyklarynyň talaplaryna laýyklykda guralmagyna, şol sanda hyzmatlaryň görnüşleriniň artdyrylmagyna we hiliniň ýokarlandyrylmagyna, pudaga döwrebap tehnologiýalaryň hem-de täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Döwletimizde bu ugurda alnyp barýan işleriň gerimi has-da giňeýär, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport mukdary artdyrylýar, halkymyzyň sarp edýän harytlary, önümçilik-tehniki ähmiýetli önümler we ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga niýetlenen enjamlar üpjün edilýär. Şunuň bilen baglylykda, ştrih-kodlar bilen bellemek ulgamyny ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň önüm öndürijileri tarapyndan çykarylýan harytlyk önümlerine degişli nyşan dakylyp, Türkmenistan Watanymyz GS1 halkara guramasyna (Global Standart One) goşuldy. Arkadagly Serdarymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän oňyn häsiýete eýe bolan «Açyk gapylar» syýasaty dünýä işewürleriniň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygyny has-da berkitmegine ýardam berýär. Netijede döwletimiz dünýä ykdysady ulgamyna üstünlikli goşulmak bilen, söwda ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, harytlaryň eksport möçberini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amal edýär. Bu boýunça alnyp barylýan işleriň güýçlendirilmelidigini we kämilleşdirilmelidigini Hormatly Arkadagly Serdarymyz hemişe nygtaýar. Ýurdumyzyň daşary söwdadaky ornunyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy köptaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň giňeldilmegine, uly möçberli maýa goýumlaryň çekilmegine we möhüm strategiýalary işläp taýýarlamaga ýardam edýär. Bu işleriň çäklerinde, döwletimiziň daşary ýurtlardaky söwda öýleriniň sany hem barha artýar, milli söwda nyşanly harytlaryň täze görnüşlerini öndürmek we daşary ýurtlarda ony giňden ilerletmek boýunça möhüm wezipeler ýola goýulýar. Bäsdeşlige ukyplylygyň we ekologik taýdan arassalygyň kepili hökmünde «Türkmenistanda öndürilen» diýen nyşanly harytlaryň dürli görnüşleriniň ýokary hile eýe bolmagy hem-de uly islegden peýdalanmagy ählimiziň göwün guşumyzy ganatlandyrýar, döwletimiziň at-abraýyny has-da belende galdyrýar. Häzirki wagtda türkmen dizaýnerleri dünýä ülňülerine laýyklykda öňdebaryjy tejribäni ugur edinip, döredilýän şertlerden netijeli peýdalanýarlar. Munuň özi, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň durmuş ýagdaýynyň ýokarlanmagyna, abadançylygynyň üpjün edilmegine şert döretmek bilen, ýurdumyzda harytlaryň bolçulygyny mundan beýläk-de artdyrmaga, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe günlerimiziň rowaçlyga beslenmegine ýardam edýär. 

 

Käbegül ATAGELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň 1-nji ýyl talyby.