Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ YHG-niň birinji ministrler forumy geçiriler ✦ ✦ III Halkara açyk informatika internet olimpiadasy üstünlikli geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan bilen ÝUNFPA ýaşlar syýasatyny maslahatlaşdy ✦ ✦ Mekdep kitaphanalarynyň işi kämilleşdirilýär ✦ ✦ “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” atly medeni çäre ✦ ✦ Türkmenistan - BMG-da ýaşlar duşuşygyny guraýar ✦ ✦ Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dilinde geçiriljek suhangöýlük bäsleşigi ✦ ✦ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Bişkekde medeni çäre guraldy ✦ ✦ Üzärlik – tebigatyň keramatly oty ✦ ✦ Immunizasiýa hepdeligi — ilatyň saglygyny goramagyň ygtybarly ýoly ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Öýde mydama bolmaly 5 dürli gök önüm
  15.02.2023
1057
Öýde mydama bolmaly 5 dürli gök önüm

Sagdyn durmuş ýörelgesinde gök önümler sagdyn iýmitlenmegiň esasydyr. Gök önümleriň her biri bedene dürlüçe täsir edýär we peýdaly häsiýetleri hem dürlüdir. Emma olaryň ählisini gündelik sanawymyza girizmek mydama aňsat bolmasa gerek. Şolaryň arasynda öýde hemişe bolmagy maslahat berilýän birnäçe gök önüm bar: 

Seldereý. Öýde diňe bir seldereýiň üstki ýaşyl bölegini däl, eýsem käbir adamlar tarapyndan bu ösümligiň köki hem ulanylýar. Onuň bilen islendik nahary taýýarlap bolar we ol naharlara ajaýyp ys we üýtgeşik tagam berýär. Gyzdyrylan we ownuk dogralan baldaklary Aziýanyň islendik ýerli tagamyna goşup bilner. 

Sogan. Islendik nahary ýa-da işdäaçary has tagamly we lezzetli edýän gök önümleriň biri-de ählimize mälim bolan sogandyr. Sogan düzüminde askorbin kilotasyny köp saklaýanlygy üçin hem aýratyn peýdalydyr. Şeýle-de onuň mikrobedenjikleri ýok ediji häsiýeti hem bellärlikdir. 

Ysmanak. Ysmanak düzümi boýunça A, K witaminlerine örän baý, ol kanserogenleriň ýagny howply çiş keselini döredijileriň täsirini zyýansyzlandyrýar, gan basyşyny kadalaşdyrýar, şeýle hem onda triptofan aminokislotasy bar. Köp mukdarda belok bolup, ol her 100 gramynda 3 gramdyr. Ysmanagy wagtal-wagtal iýmeklik hemmeler üçin hem örän peýdalydyr. 

Kelem. Kelem suwuk tagamlar, goşmaça naharlar, turşular, işdäaçarlar üçin aýrylmaz önümdir. Ýygy-ýygydan duzlanan kelem peýdalanmaklyk, iýmit siňdiriş synalary üçin peýdaly fermentleri öndürmegiň iň aňsat usulydyr. Kelem häsiýeti boýunça bitarap tagamly, şonuň üçin ony suwuk naharlar bilen utgaşdyrmak iň gowusydyr. Düzümi boýunça kelem ähli peýdaly elementlere, minerallara baý bolan, ýokumly maddalaryň hem birleşmeleriň jemlenen ammarydyr. 

Käşir. Käşir hakykatdan hem köpugurly gök önüm bolup, uzak wagtlap saklanyp bilner we öz häsiýetini, ýaramlylygyny ýitirmez. Käşirde A, K, C, B6 witaminleri we kalsiý, mis, foliý turşusy, magniý ýaly birnäçe minerallar bar. Örän oňat antioksidant çeşmesi bolmak bilen käşir ganyň arassalanmagyny we aýlanyşyny çaltlaşdyrýar. Damarlaryň ýapylmagyna ýol bermeýänligi sebäpli aşa ýadawlygyň öňüni alýar. Düzümindäki A witamini gözüň görüjiligini has-da ýitileşdirýär.  Witamine baý käşir diňe bir gönüden-göni görüşe goşant goşman, eýsem umumy göz keseli bolan kataraktanyň döremek howpuny hem azaldýar. 

 

Mähri BEGENÇEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.