«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyzyň şanly wakalara hem üstünliklere beslenýän günlerinde Arkadagly Serdarymyzyň parasatly başlangyçlarynyň esasynda ýurdumyzda ähli ugurlary innowasion ösüşleriň täze belentliklerine ynamly gadam urýar. Milli ykdysadyýetimizi has hem kämilleşdirmek, giň gözýetimli, maksada okgunly, päk ahlakly, ruhy taýdan sagdyn, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Netijede, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda alnyp barylýan ylmy-barlag ugurlarynyň artdyrylmagy we olaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy, esasy üns merkezinde saklanylýar. Şunuň bilen birlikde, aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň hem-de beýleki oňyn çäreleriň hasabyna ilatyň durmuş hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagy Arkadagly Serdarymyzyň durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasatynyň oňyn netije berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Eziz diýarymyzda hususy ulgamy, telekeçiligi we onuň önümçilik ulgamyny ösdürmek üçin amatly şertler döredilýär. Häzirki zaman kiçi we orta telekeçiligiň hem-de onuň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda ýerine ýetirýän işleriniň höweslendirilmegi täze iş orunlarynyň döredilmegini şertlendirýär. Munuň özi bagtyýar halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen wajyp wezipeleriň oňyn çözülmegine ýardam berýär.
Milli medeniýetimizi ösdürmeklik babatdaky asylly işler hem hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Milletimiziň özboluşly medeni-taryhyna, edebi mirasyna hem-de milli gymmatlyklaryna esaslanýan täze taryhy döwrüň möhüm wezipeleri bu ugurda özboluşly sazlaşygy emele getirýär. Halkara derejesindäki medeni gatnaşyklar hem günsaýyn ösdürilýär. Bu bolsa medeni mirasymyza, şöhratly taryhymyza goýulýan belent sarpany, buýsanjy äşgär edýär.
Ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem milli bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda möhüm wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmagyň, daşary ýurt dillerini öwretmegiň we okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine laýyk derejede ösdürmek boýunça degişli işler ýola goýulýar. Bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek babatynda öňde goýlan bu möhüm wezipeler ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, dünýä ýüzündäki at-abraýynyň barha ýokarlanmagynyň aýdyň kepili bolup çykyş edýär.
Umuman eziz ýurdumyzy ösüşiň täze derejelerine çykarmak maksady bilen durmuşa geçirilýän ähli asylly hem beýik işler Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer döwlet syýasatynyň durmuş ugrunyň ösdürilmegine giň ýol açmak bilen, ata Watanymyzyň sazlaşykly ösüşini, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi üçin ygtybarly esas döredýär.
Ogulsuraý ORAZMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.