Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ YHG-niň birinji ministrler forumy geçiriler ✦ ✦ III Halkara açyk informatika internet olimpiadasy üstünlikli geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan bilen ÝUNFPA ýaşlar syýasatyny maslahatlaşdy ✦ ✦ Mekdep kitaphanalarynyň işi kämilleşdirilýär ✦ ✦ “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” atly medeni çäre ✦ ✦ Türkmenistan - BMG-da ýaşlar duşuşygyny guraýar ✦ ✦ Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dilinde geçiriljek suhangöýlük bäsleşigi ✦ ✦ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Bişkekde medeni çäre guraldy ✦ ✦ Üzärlik – tebigatyň keramatly oty ✦ ✦ Immunizasiýa hepdeligi — ilatyň saglygyny goramagyň ygtybarly ýoly ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ösüşiň ýeňişli menzilleri bilen
  25.04.2023
771
Ösüşiň ýeňişli menzilleri bilen

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda giň gerimli döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzyň syýasy-ykdysady, medeni-durmuş ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bolsa bu maksatnamalaryň esasy özenini düzýär. Ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda gurlup ulanmaga berilýän desgalar oňyn netijeleri berip, ösüşlere beslenýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz ulgamynda oňyn görkezijiler gazanylýar. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi barha artýar. Häzirki wagtda medeni-durmuş, önümçilik, infrastruktura maksatly desgalaryň gurluşygy ýokary depginde dowam edýär. 

Şeýle-de ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň önümçiligini artdyrmak we kuwwatynyň ulanylyşyny gowulandyrmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň wajypdygyna üns berilýär. Hazar deňzinde we beýleki ýerlerde täze nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, daşarky maýa goýumlary çekmek bilen, iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak üçin zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, ýokary hilli we döwrebap dokma önümleriniň önümçiligini yzygiderli artdyrmak, pudaga innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, pudagyň işini kämilleşdirmek boýunça hem çäreleri ýola goýmak esasy ugurlaryň hatarynda goýulýar. Gurluşyk-senagat toplumynyň, himiýa kärhanalarynyň önümçilik kuwwaty doly ulanylyp, oňyn ösüşlere eýe bolunýar. Şunuň bilen birlikde, elektrik energiýasynyň eksport edilýän möçberini artdyrmak, ylmy taýdan esaslandyrylan, döwrebap senagat ugurly önümçilikleri ýola goýulýar. Şunuň bilen bir hatarda, degişli düzümleriň maddy-tehniki üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur işleri geçirmek, halkara tejribesini öwrenip, dürli ugurda tejribeli daşary ýurt hünärmenlerini işe çekmegiň möhümdigine üns berilýär.

Ýurdumyzda suw üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyryp, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça hem degişli çäreleri görülýär. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini döretmegi we eksporty artdyrmagy, maýa goýumlary çekmegi möhüm wezipeleriň hatarynda goýýan Arkadagly Serdarymyz milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça işleri geçirmegiň wajypdygy yzygider nygtaýar. Alnyp barylýan şeýle belent başlangyçlar Hormatly Prezidentimiziň eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha pugtalandyrylmagyna, türkmen halkymyzyň bagtyýarlygynyň hem rowaçlygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen ynsanperwer döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

 

Dawut GURTJAÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň 2-nji ýyl talyby.