logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Onlaýn okuw maslahaty geçirildi
  17.10.2022
1014
Onlaýn okuw maslahaty geçirildi

11-14-nji oktýabrda ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika hünärinde okaýan talyplaryň gatnaşmagynda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (OSCE) Aşgabatdaky merkezi tarapyndan «Žurnalistika bilimini ýokarlandyrmakda we žurnalistleriň hünär taýýarlygynda kömek» atly taslamanyň çäklerinde syýasy kommunikasiýa boýunça okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatynda guramanyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşysy Jon Makgregor, Sankt-Peterburg uniwersitetiniň žurnalistika fakultetiniň dosenti, sosiologiýa ylymlarynyň kandidaty Ilýa Bykow, Dmitriý Gawra çykyş edip, bu ugura degişli okuw sapagyny geçdiler. 4 günläp dowam eden okuw maslahatynda ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika hünärinde okaýan talyplarynyň bilimlerini artdyrmak boýunça maslahatlar berildi we sapaklar geçirildi.

Okuw maslahatyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň žurnalistika hünärinde bilim alýan talyplary gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň soňunda oňa gatnaşan talyplara Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (OSCE) Aşgabatdaky merkezi tarapyndan şahadatnamalar gowşuryldy. 

 

Maksat TAGANOW,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň 
žurnalistika hünäriniň talyby.