Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ “Ýylyň astronomiýa fotosuratçysy” bäselşiginiň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň jemleýji milli maslahatyny geçirdi ✦ ✦ Hindistanyň ilçisi ýurdumyzdaky ekologiki çärä gatnaşdy ✦ ✦ Buker baýragynyň dalaşgärleriň gysga sanawy düzüldi ✦ ✦ Türkmenistanda güýzlük bugdaýyň täze 3 görnüşi döredildi ✦ ✦ Ýurdumyzda Daşary söwda dolanşygy baradaky Ähtnamany taýýarlamak işleri alnyp barylýar ✦ ✦ Halk Maslahaty — halk häkimiýetiniň mizemez sütüni ✦ ✦ Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy ✦ ✦ Türkmenistanyň Garaşsyzlygy agzybirligiň, bitewiligiň nyşany ✦ ✦ Paýtagdymyzda Tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş başlandy ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Oleg Kononenko ýere dolanmaga taýynlanýar
  17.09.2024
57
Oleg Kononenko ýere dolanmaga taýynlanýar

Türkmenistanyň Gahrymany, “Roskosmos” kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko kärdeşi Nikolaý Çub bilen bilelikde Halkara kosmos stansiýasynda (HKS) missiýa başlamagynyň bir ýyllygyny belledi. 
 

"14-nji sentýabrda missiýanyň başlanyna bir ýyl dolýar" diýip, kosmonawt Çub bilen bilelikde düşen suratyny paýlaşdy. Meýilnama boýunça, Kononenko 2024-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda "Soýuz MS-25" kosmiki gämisinde Ýere gaýdyp geler. Kosmonawt Ýere dolanansoň, uzak wagtlap kosmosda bolanyndan soň, dynç almak we özüni dürsemek isleýändigini aýtdy. Kononenko: “Ýere gaýdyp baranymdan soň ilkinji etjek zadym, elbetde, ýatyp ukymy, dynjymy aljak, hiç ýere howlukman, hiç zady gaýgy-alada etmän, ukudan doýjak. Soňra bolsa, adaty durmuş düzgünime mümkin boldugyça çalt dolanyp, bedenimi ýerdäki şertlere uýgunlaşdyrmak isleýärin. Öňem ençe gezek gaýtalap aýdyşym ýaly, Korolýowyň köçelerinde we Moskwada gezelenç edesim gelýär "- diýdi.
 

Kononenko bilen Çub 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda NASA-nyň astronawty Lorel O'Hara bilen bilelikde "Soýuz MS-24" kosmiki gämisiniň ekipažynyň düzümi bilen orbita çykypdylar. Olaryň gaýdyp gelmegi bilen, HKS-da ylmy barlaglar we synaglar geçirilen bir ýyllyk missiýa tamamlanar.

 

Akmaral Tomanowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň I ýyl talyby.