Kitap ynsanyň iň ýakyn dosty hasaplanylýar. Kitap okamak arkaly täzeçe pikirlere eýe bolunýar. Sebäbi kitap okaýan adamyň beýnisi hemişe işjeň bolup, bu endik ýatkeşligi, ünsi güýçlendirýär.
Kitap bilim hazynasydyr. Parasatly halkymyz ony akyl-paýhasyň jemlenen mirasy hasaplapdyr. Şoňa görä-de, Gündogarda: «Saňa kitap sowgat bereni hergiz unutmagyn! Çünki ol iň gowy, iň gymmat sowgady beren adamdyr» diýilýär. Kitap beren saňa dünýe baýlygyny — akyly, erki, ylmy, bilimi, ukyp-başarnygy, ajaýyp maksatlary we olara barýan ýol-ugry, bagty bagyş eden adam hasaplanylýar.
«Okamak käwagt ýaşaýan ýeriňi, käwagt bütin dünýäni, käwagt geçmişi, käwagt şu güni, käwagt bir kesekini, käwagt özüňi syýahat etmekdir» diýilýär. Çünki kitap okamak endikleriň içinde iň ygtybarlysy we zyýansyzydyr. Ynsan ogly iýmitlenmek arkaly bedenini gurplandyrsa, kitap okamak arkaly beýnisini iýmitlendirýär. Okamak endigini bir nahaly ekip, suwaryp, pajarlap duran daragt bilen deňeşdirsek, onda bu endigi bes etmeklik hem şol bagyň guramagy ýalydyr. Özüňde bu endige tohum sepip, saýaly we miweli daragty kemala getirmek üçin irginsiz kitap okamaklygy ýola goýmaly.
Kitap okamak adama özüni gurşap alan dünýä, durmuşa, tebigat hadysalaryna, hut öz-özüne hem düşünmäge kömek edýär. Kitap hemmeleriň dostudyr hem mugallymydyr. Çuň mazmunly kitaplar ynsan üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.
Alymlaryň subut etmeklerine görä, adam ýatmazyndan öň kitap okasa, nerw ulgamy rahat bolýar. Şuny-da unutmalyň, haýsy ýurtda kitap köp satylyp, köp okalýan bolsa, hiç şübhesiz, ol ýurtdaky adamlaryň biri-biri bilen gatnaşygy, özara ylalaşyklylygy has-da güýçli bolýar.
Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary hem ýaş nesle ata Watanyny, il-gününi, ata-enäni päk zähmeti söýmegi öwretmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly eserlerdir. Biz şeýle çuňňur many-mazmunly eserleri okap, öwrenip, eserlerde gelýän täsirli maglumatlary öz işlerimizde we wagyz-nesihat çärelerimizde giňden wagyz edýäris. Kitaplar hakyky edep-terbiýe mekdebidir.
Mähriban PIRIMKULOWA,
Köýtendag etrap Dostluk şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy.