logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Ogulabat Berdimuhamedowa (1937 — 2023)
  08.04.2023
1030
Ogulabat Berdimuhamedowa (1937 — 2023)

Mukaddes Remezan aýynda Milli Liderimiziň – Gahryman Arkadagymyzyň käbesi, hormatly Prezidentimiziň – Arkadagly Serdarymyzyň enesi Ogulabat Berdimuhamedowa 86 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu ajy habary tutuş türkmen halky uly gynanç bilen kabul etdi.

Ogulabat Berdimuhamedowa Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda 1937-nji ýylyň 15-nji iýunynda dünýä inýär. Ol maşgala gymmatlyklarynyň gadyryny örän gowy bilýän, ömrüň manysyny halal ýaşamakda görýän, öz halkynyň milli ýol-ýörelgesine wepalylygy buýsanç tuguna öwren, parasatly zenandyr.

Alty çaganyň enesi Ogulabat eje perzentleriniň iň gowy gylyk-häsiýetleri özünde jemlemegi, watansöýüji, hemme taraplaýyn kämil, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi üçin kän tagalla etdi.

Ogulabat eje milli gymmatlyklarymyzyň döwrebap derejede ösdürilmeginde, halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýörelgeleriniň dowam etdirilmeginde, el işlerine juda ussat halypa hökmünde bu beýik sungaty nesillere geçirmekde, mynasyp şägirtleri ýetişdirmekde taýsyz hyzmatlary bitirdi. Ogulabat ejäniň ömür ýoly türkmen zenanlary üçin beýik mekdepdir.

Halka hem Watana, maşgala ojagyna wepadarlygyň, ýaş nesli iň asylly ýörelgeler esasynda terbiýelemegiň, milli ýörelgeleri we milli sungaty söýmegiň, goramagyň hem-de dowam etdirmegiň hiç mahal unudylmajak nusgasyny görkezen Ogulabat Berdimuhamedowa hakyndaky nurana ýatlamalar biziň kalplarymyzda ebedilik saklanar.

Merhumyň jaýy jennet bolsun, Allatagala oňa iman baýlygyny bersin!

 

TDH.