logo

Latest news:
✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦ ✦ Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary ✦ ✦ Bagşy Döwletgeldi Ökdirow ✦ ✦ Seulda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Buharestde ýylyň şygaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi ✦ ✦ TDYDI-de Startup bäsleşigi geçirildi ✦
Home / Agriculture /OBA HOJALYGYNDA INNOWASION TEHNOLOGIÝALARYŇ ORNY
  26.11.2022
1346
OBA HOJALYGYNDA INNOWASION TEHNOLOGIÝALARYŇ ORNY

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy wakalar bilen dabaralanýan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlary bilen bir hatarda oba hojalygyny düýpli özgertmek babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde oba hojalyk pudagynyň esasy wezipesi ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, taýýar önümler bilen dünýä bazaryna ynamly aralaşmakdan ybaratdyr. Bu wezipeleriň üstünlikli çözülmeginde ylmyň soňky gazananlaryny we täze tehnologiýalary ornaşdyrmaklyk pudagy çalt depginler bilen ösdürmegiň ygtybarly kepili bolup çykyş edýär. Agrosenagat toplumynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyryp, oba hojalygyny ylmy esasda alyp barmak baradaky Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, dünýäniň dürli ýurtlaryndan getirilýän kämil, kuwwatly tehnikalary, tehnologiýalary giňden peýdalanyp, oňa erk edip bilmeklik möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Dünýäniň kuwwatly, kämil oba hojalyk tehnikalarynyň hasabyna bu iri pudagyň tehniki binýady barha pugtalandyrylýar. Halkymyzyň ekerançylyk sungatynyň baý milli tejribesiniň gaýtadan dikeldilmegi bu pudagy ykdysadyýetimiziň iň bir girdejili pudagyna öwürmeklige şert döredýär.  Oba hojalyk ulgamyny ylmy esasda ösdürmek, tohumçylyk işini kämil ýola goýmak, alynýan hasylyň hilini we mukdaryny ýokarlandyrmak babatda ençeme işler alnyp barylýar. Ekinleri damjalaýyn, ýagyş ýagdyrmak arkaly suwarmak, meýdanlardaky işleri uzak aralykdan dolandyrmak ýaly usullar pudagy ösdürmegiň täzeçil ýollarydyr. Oba hojalygyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ýokary netijeli önümçiligi üpjün edýän sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bu pudagyň dünýä tejribesi bilen aýakdaş gitmeginde esas bolup hyzmat edýär.

Şeýle innowasion tehnologiýalaryň ýurdumyzda oba hojalygyny ylmy esasda alyp barmak, azyk bolçulygyny döretmek, taýýar önümler bilen dünýä bazaryna çykmak milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmak baradaky alnyp barylýan işleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda uly ähmiýete eýedir. 

 

Aýbölek AMANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.