Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň gözelligi we atly sport boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde «Ahalteke bedewi: türkmeniň dünýewi seýisçilik sungaty» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekilleri bilen birlikde dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan alymlar, atşynaslar we hünärmenler gatnaşdy.
«Altyn asyr» elektron gazetiniň berýän maglumatlaryna görä, maslahatda ahalteke bedewleriniň taryhy, aýratynlyklary, seýisçilik däpleri, tohumçylyk işi we olaryň dünýä atçylyk medeniýetindäki orny barada pikir alşyldy. Çykyşlarda türkmen topragynda müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen ahalteke atlarynyň gözelligi, ýyndamlygy we çydamlylygy bellenildi.
Halkara duşuşygyň dowamynda ahalteke atlarynyň we türkmen atşynaslyk däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň ähmiýeti barada hem gürrüň edildi. Şeýle hem bu ugurda bilim we ylmy gözlegleriň, halkara tejribe alyşmagyň ähmiýetine üns çekildi.
Maslahatyň aýratyn bölümleri ahalteke bedewleriniň taryhyna, olaryň ösüş ýoluna, şekillendiriş we amaly-haşam sungatyndaky keşbine, tohumçylyk hem-de weterinariýa meselelerine bagyşlandy. Hünärmenler bedewleriň tohum arassalygyny gorap saklamakda häzirki zaman ylmy usullaryň ornuny ara alyp maslahatlaşdylar.
Çäräniň dowamynda Fransiýadan, Italiýadan, ABŞ-dan, Awstriýadan we beýleki ýurtlardan gelen hünärmenler ahalteke atlaryna degişli öz tejribeleri bilen paýlaşdylar. Olar bu bedewleriň özboluşly häsiýetlerini, atly sportdaky mümkinçiliklerini we halkara atçylyk pudagyndaky ähmiýetini bellediler.
Halkara maslahatda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň işi, ýaş hünärmenleri taýýarlamak, ylmy-barlag işlerini ösdürmek hem-de daşary ýurtly hünärmenler bilen tejribe alyşmak meselelerine hem orun berildi.
Ýewropada geçirilen bu halkara duşuşyk ahalteke bedewleriniň türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň möhüm bölegi hökmünde dünýä jemgyýetçiligine has giňden tanadylmagyna hem-de atçylyk pudagynda ylmy we hünär gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşant goşdy.
Dawut Söýünow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby