logo

Soňky täzelikler:
✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦ ✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Diplomatiýa — hem ylym, hem sungat
  27.09.2026
158
Diplomatiýa — hem ylym, hem sungat

Watanymyzyň gülläp ösmeginde, ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagynda, halkara giňişlikde abraýynyň artmagynda Bitaraplygyň ähmiýeti uludyr. Bitaraplyk — munuň özi asuda ýaşaýşyň, agzybir durmuşyň, ertire bolan ynamyň kepillenmesidir, arkaýyn zähmet çekmek, döretmek mümkinçiligidir. Çünki hemişelik Bitaraplyk — baky abadançylykdyr.

 

Geçen ýyllar döwletimiziň öz saýlap alan syýasy ýoluna doly wepalydygyny, Bitaraplygyň ähli borçlaryny we talaplaryny gyşarnyksyz berjaý edýändigini dünýä ýüzüne subut etdi. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň paýtagtymyz Aşgabatda açylmagy hem muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Türkmenistan BMG-niň sessiýalarynda diňe türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerini araýan, düýbünden täzeçillige ýugrulan çuň manyly taryhy we dünýä ähmiýetli teklipleri öňe sürdi. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda hem şeýle oňyn işler mynasyp dowam etdirilýär. Muňa biz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde eden taryhy çykyşlarynda hem göz ýetirdik. Çykyşlardaky ynsanperwer başlangyçlardan gözbaş alýan tutumlar halkara hukugynyň kämilleşmegine, parahatçylygyň barha berkemegine, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dünýä ýüzüne ýaýramagyna ýardam berýär.

 

Halkymyz taryhyň dürli döwürlerinde-de asuda ýaşamagyň, goňşy döwletler bilen parahatçylykly gatnaşyklary alyp barmagyň tarapdary boldy. Türkmenistan şeýle işleri häzirki wagtda-da dowam etdirip, dünýäniň abadançylygyna gönükdirilen işleri durmuşa geçirýär. Islendik bir ulgamyň, islendik bir ugruň sazlaşykly ösmeginde ylmy garaýyşlar, täzeçe çemeleşmeler zerur. Şu maksatdan ugur alyp, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2008-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty döredildi. Bu ýokary diplomatik mekdepde parahatçylyk, halkara gatnaşyklary, dünýäniň ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyklar ylmy taýdan öwrenilip, talyp ýaşlaryň syýasy düşünjesiniň ýokary bolmagy gazanylýar. Şeýle işler bolsa diplomatiýanyň hem ylym bilen utgaşykly öwredilýändigini görkezýär.

 

Annanabat ORAZMYRADOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.