logo

Soňky täzelikler:
✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Türkmen oba hojalyk institutynda Ozon gatlagyny goramagyň halkara gününe bagyşlanan çäre geçirildi
  22.09.2026
312
Türkmen oba hojalyk institutynda Ozon gatlagyny goramagyň halkara gününe bagyşlanan çäre geçirildi

Türkmen oba hojalyk institutynda Ozon gatlagyny goramagyň halkara gününe bagyşlanan «Ekologiýa we sanly dünýä: ýaşyl tehnologiýalary ornaşdyrmak» diýen ylmy okuw maslahat geçirildi.

 

Institutyň gidromelioratiw işleriň tehnologiýasy kafedrasy tarapyndan guralan duşuşyga ýokary okuw mekdebiň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar.

 

Bu ýere ýygnananlar ýaşlaryň ekologiýa boýunça ylmy-amaly çärelere işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek, geljekde «ýaşyl» başlangyçlary, innowasion taslamalary we ekologik medeniýeti ösdürmek boýunça wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem daşky gurşawy goramagy we jemgyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin häzirki zaman sanly mümkinçiliklere seredildi.

 

Çäräniň dowamynda talyplar degişli ugurlar boýunça tanyşdyrmalary bilen çykyş etdiler. Her bir çykyşyň soňunda çykyş edýän bilen diňleýjileriň arasynda gyzykly maslahatlaşmalar geçirildi, hünär derejesindäki pikirler, sowal-jogaplar alşyldy. Bu bolsa ylym-bilim tejribesini alyşmaga, talyplaryň bilimlerini giňeltmäge we hünär başarnyklaryny kämilleşdirmäge ýardam etdi.

 

Geçirilen okuw maslahat geljekki oba hojalyk hünärmenleriniň taýýarlanylyşynyň hilini ýokarlandyrmaga, olaryň ylmy işjeňligini hem-de oba hojalygynyň durnukly ösüşini we ekologiýa howpsuzlygyny gazanmak boýunça giň gerimli işlere gatnaşmaga bolan höweslerini artdyrmaga itergi berdi.