logo

Soňky täzelikler:
✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Gonkongda türkmen-hytaý atçylyk medeniýetine bagyşlanan sergi geçirildi
  24.09.2026
240
Gonkongda türkmen-hytaý atçylyk medeniýetine bagyşlanan sergi geçirildi

Gonkongyň Szin çeperçilik muzeýinde «Müňýyllygyň behişdi bedewleri – hytaý-türkmen medeniýeti we atçylyk sungaty» atly halkara göçme serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Medeni taslama «China Arts and Entertainment Group Ltd.» kompaniýasy hem-de Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan guraldy. Sergi Hytaý-Türkmen medeni merkeziniň gatnaşmagynda we Gonkongyň öňdebaryjy ynsanperwer guramalarynyň goldawy bilen amala aşyrylýar.

 

«Häzirki zaman garaýyşlary esasynda Beýik Ýüpek ýolunyň atçylyk medeniýeti» düşünjesine bagyşlanan sergide iki ýurduň 21 awtorynyň 37 sany çeper eseri görkezilýär. Ekspozisiýa häzirki zaman hytaý sungatynyň 27 eserini hem-de türkmen suratkeşleriniň 10 sany özboluşly işini öz içine alýar.

 

Sergide Türkmenistanyň belli suratkeşleri Baýram Mämiýewiň, Jumamyrat Gurbanowyň we Ahmet Hojaýewiň eserleri hem görkezilýär. Eserler iki tematiki ugur boýunça ýerleşdirilip, olar Beýik Ýüpek ýolunyň dürli sebitlerinde kemala gelen şekillendiriş sungatynyň däplerini, çeper aýratynlyklaryny we ruhy ýakynlygyny açyp görkezýär.

 

Açylyş dabarasynda çykyş eden guramaçylaryň we diplomatik jemgyýetiň wekilleri bu serginiň medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegindäki ähmiýetini bellediler. Serginiň geçirilmegi Gündogar senenamasy boýunça 2026-njy ýylyň Hytaýda «At ýylyna», Türkmenistanda bolsa «Bedew ýylyna» gabat gelmegi bilen hem aýratyn manyly waka hökmünde görkezilýär.

 

«China Arts and Entertainment Group» kompaniýasynyň wekili Wan Lu Gonkongyň bu taslamanyň sebitler boýunça guralýan sergileriniň ikinji duralgasyna öwrülendigini aýtdy.

 

Akjemal AMANMUHAMMEDOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.